Watançylyga eýlenen eserler

3 Iýul 2024
263

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen edebiýaty özüniň taryhy ösüşiniň dowamynda dürli döwürleri başdan geçirýär. XVIII-XIX asyrlarda türkmen edebiýaty millilik, çeperçilik taýdan we öz zamanasynyň derwaýys meselelerini dogruçyl suratlandyrmakda, durmuşa has ýakyn bolan edebiýata öwrülýär. Şol sanda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen edebiýatyny ösdürmekde, halkymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini belende götermekde aýratyn orna eýedir.

Türkmenleriň durmuşy wakalaryny egninde çeken beýik Pyragy özüniň çuň many-mazmunly, ruhubelentlige ýugrulan, halkynyň bagtyýar geljegine bolan umytly garaýyşlary bilen il-güni ruhy taýdan goldapdyr. Magtymguly Pyragy öz iliniň edermen, batyr, ar-namysly, il-gün üçin janyny orta goýýan ýigitlerini Görogla, Rüsteme deňeýär. Şahyr öz döwürdeşlerini watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolan edebi garaýyşlary öňe sürüpdir. Ol galamy bilen sünnäläp, dana sözleriň üsti bilen, Watany, halky söýmegi, mukaddes topragyň gadyr-gymmatyna göz ýetirmegi, ony jandan eziz görüp goramagy ündeýär.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.