Nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi

3 Iýul 2024
235

Şu günler diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletlerinde hem nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň ömri-döredijiligine bagyşlanan halkara derejeli ylmy maslahatlar, edebiýat agşamlary, çeper okaýyşlar, döredijilik bäsleşikleridir beýleki çäreler geçirilýär. Gözel paýtagtymyzyň eteginde Magtymguly atamyzyň heýkeliniň dikeldilip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda uly dabara bilen açylmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň iň bir ýatda galyjy ajaýyp günleriniň biri boldy. Seýitnazar Seýdiniň adyny göterýän Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bolup biz hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere guramaçylykly gatnaşýarys. Munuň özi biziň hünär ugrumyza kämilleşmegimizde aýratyn ähmiýetli mekdep bolup durýar. Geçirilýän çäreleriň guramaçylyk işleriniň merkezinde bolmak, elbetde, bizden ýokary jogapkärçiligi hem talap edýär. Munuň üçin biz Magtymguly atamyzyň goşgularyny ürç edip öwrenýäris, mowzuklaýyn esasda olaryň terbiýeleýjilik ähmiýetini, gymmatyny açyp görkezmeklige çalyşýarys. Şol bir wagtda bolsa şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizilendigi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edendigi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulandygy baradaky maglumatlardan hem giňişleýin peýdalanýarys. Şahyryň belent heýkeliniň açylyş dabarasyndaky taryhy wakalar, dünýäniň görnükli şahsyýetleriniň ol ýerde oturdylan heýkelleri baradaky gyzykly gürrüňler bolsa guralýan çäreleriň has-da täsirli bolmagyny şertlendirýär.

Bize nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň we häzirkizaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Gülruh AÇYLOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.