Türkmen tebigatynyň aýnasy

3 Iýul 2024
190

Her bir döwletiň ösüşinde medeniýetiň esasy wezipesi milletiň ruhy sagdynlygyny kemala getirýändigi bilen baglanyşdyrylýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ruhy-medeni mirasymyza döwletliligiň we ösüşiň ileri tutulýan wajyp serişdesi hökmünde garalýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň goragynyň milli we halkara derejede üpjün edilmegi boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenmegi, şeýle hem ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy esasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky kabul eden çözgütleri halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň dünýäde ykrar edilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar. Akyldaryň döredijiligi ynsanperwerlik, ahlaklylyk, gözellik ýaly düşünjelere esaslanmak bilen kämillik ýolunyň türkmen ruhundan, medeniýetinden hem-de tebigatyndan gözbaş alýandygy baradaky netijä gelmäge itergi berýär.

Aganazar SAPAROW,
kapitan.