Watan hakyndaky müdimi owaz

3 Iýul 2024
236

Magtymguly Pyragynyň ady il-uluslara dolupdyr. Şahyryň ylym alan medreselerinde onuň ady hormat bilen tutulypdyr. Buharanyň, Hywanyň alym-ulamalary hem biziň sebitlerimizden myhman barsa, oňa «Hezreti Magtymgulynyň ýurdundan» diýip aýratyn hormat edilipdir. XIX asyrdan başlap Kesearkaçda Ak işanyň ady bilen baglanyşykly gürrüňler ýaýrapdyr. Ak işanyň hem Hywadaky medresede bilim alandygy barasynda maglumat bar. Ak işanyň aramgähi Bäherden etrabynyň Arçman obasynyň demirgazyk künjünde ýerleşýär. Bu ýere häli-häzirem piri hatyralap barýarlar, onuň ruhuna aýat-töwir edýärler. Magtymguly Pyragynyň tälim alan medresesinde okanlar, şol sanda, arkaçly sopular hakynda käbir rowaýatlarda gürrüň berilýär. Rowaýatlar ýöne ýere döremeýär, her rowaýatyň aňyrsynda ýa anyk taryhy, ýa-da biraz kebşirlenen wakalar ýatandyr. Muňa şahyryň goşgularyndan hem göz ýetirip bolýar. Diýarymyzyň belli-belli ýerlerinde medreseler bolupdyr. Magtymguly Pyragy bilimi ýetik, Hakdan içen ussat, şonuň üçin hem akyldar şahyryň uly alym-ulamalaryň jemlenen ýerinde tälim almagyny maslahat beripdirler. Änewde, Gadymy Abiwertde, ýagny Kaka topragynda, Gökdepede, Durunda hem medreseleriň bolandygy arheologik, etnografik ylmy barlaglar bilen hem esaslandyrylýar. Medreseleriň käbirleri hakynda anyk maglumatlar bar.

Ilat arasyndan ýygnalan maglumatlara görä, Magtymguly Pyragynyň öz eli bilen ýazan «El-Kätib Magtymguly» atly Gurhan kitaby bolupdyr. Bu kitaby Hajygala diýen ýerde görendikleri barada aýdylýar. Şahyryň haty juda sünnä, edil keşde çekilen ýaly owadanmyş. Şahyryň köp kitaplarynyň bolandygy hakykat.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan.