Aşgabat — ajaýyp sungat eseri

3 Iýul 2024
202

Aşgabat — kalplara nur çaýýan, göwünlere ganat baglaýan nurana şäher, ajaýyp sungat eseri. Bu günki günde Aşgabat şäheriniň at-owazasynyň dünýä dolmagynda şöhratly taryh, şol taryhyň gatlarynda bolsa ata-babalarymyzyň başdan geçiren wakalary, watansöýüjiligi, däp-dessurlary, dost-doganlyk gatnaşyklary çuň mazmun, şirin söz bilen giňden beýan edilýär. Ýazyjylaryň, şahyrlaryň, bagşydyr sazandalaryň, binagärleriň, küýzegärleriň, zergärleriň, halyçylaryň döreden sungat eserleriniň aňyrsynda hem irginsiz zähmeti, halkymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-hyýallary, maksat-myratlary, Watana bolan mähribanlygy, ak şäherimiz Aşgabada bolan söýgisi bar.

Taryhdan belli bolşy ýaly, alys döwletleri birikdiren, hoşniýetli gatnaşyklaryň köprüsine öwrülen Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde tanalan ata Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen has gözelleşip, mizemez şan-şöhrata eýe boldy. Aşgabat şäheriniň owadanlygy, ösüşi, ýeten sepgitleri türkmen edebiýatynda, şygryýetinde hem giňden şöhlelenýär. Gara Seýitliýewiň Aşgabat hakyndaky «Iň gözel gül», «Aşgabat», «Eziz şäherdeş» ýaly goşgularyny okanymyzda, paýtagtymyzyň gözelligi biziň aňymyzda hemişelik aýdym, waspnama bolup ýaňlanýar:

Seýýara SAPAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy.