Ykbal öwrümi

3 Iýul 2024
299

Meret maşgalasyny garşylamak üçin demirýol menziline baranda, otlynyň gelerine entek ep-eslije wagt bar eken. Ol depesi al-asmanda hellewleşip duran arçadyr senuberleriň aşagynda seteran edilip goýlan oturgyçlaryň birinde oturdy. Demirýol menziliniň birwagtky görnüşiniň bütinleý üýtgändigi dessine gözüňe ilýärdi. Asyl, onuň bu ýere gelip görmänine ep-esli wagt geçipdi. Şol döwrüň içinde demirýol menziliniň esasy binasyndan başlap töwerek-daşy bütinleý täze keşbe eýe bolupdyr. Göwnüňe bolmasa, demirýol menziliniň meýdançasynda eýläk-beýläk haýdaşyp barýan adamlaryň daş keşbem özgerip, has owadan görnüşe gelen ýaly. Dogrusy, gözüňe kaklyşanlaryň hersine «Toýa dagy barýandyr-da» diýip, içiňi hümledeniňi duýman galýarsyň. Hawa, döwür-döwran özgerip, eşretli günleriň höziri göwnüňi galkyndyrýardy. Şeýle oýlara berlip oturşyna, menziliň bir wagtky horaşaja keşbi kino lentasy ýaly bolup onuň göz öňünden geçdi. Şol barmana-da menzilde bolup geçen şeýle bir waka ony bütin düýrmegi bilen ýatlamalar ummanyna çekip aldy.

...Eger şol gezek enesi myhman garşylamak üçin Meredi demirýol menziline ugratmadyk bolsa, belki, beýle bolmasa-da bolmazdy. Ýöne enesi welin, onuň garşylygyna garamazdan:

Amangözel TAGANDURDYÝEWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.