Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

3 Iýul 2024
201

...Kiçi wagtlarymyzdy. Öz deň-duş goňşy oglanlarymyz bilen her dürli ugurlara höwes ederdik. Heniz özümiz üçin nähili hünäriň gerekli boljagyny saýlap ýetişmändik. Aýdym-saz, sportuň dürli görnüşlerine, bagbançylyk gurnagyna gatnaýanlarymyzam bardy. Gurnaklara gatnamaly ýerimiz uzak bolandygy üçin, okuwymyza ýetişmek kynrak düşýärdi. Şol zerarly oglanlaryň yzygiderli gatnamaýanlaram bardy. Şonda biziň bilen goňşuçylykda ýaşaýan ýaşulularyň biri hünär öwrenmegiň peýdasy hakyndaky bir hekaýat aýdyp berip, şonuň üsti bilen yzygiderli özüňi kämilleşdirmeseň, işiňe ussat bolmagyň kyndygyny düşündiripdi.

«Hünäre söýgi bilen garamaly. Bir gün gidip, ikilenji gün hem ýaltalyk etseňiz, olar ýaly adama «ýeňsikçi» diýilýär. «Ýeňsikçiniňki ýeke gün, ýetiberse ýedi gün» diýilýändir. Şu wagtdan yhlas etseňiz, ulalanyňyzda onuň hözirini görersiňiz» diýip sargapdy. Bu wakalaryň «Mämmetjan» atly halk ertekimiz bilenem ugurdaşlygy bar.