"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň innowasion usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamy döwrebap kämilleşdirilýär. Bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usullary ýola goýulýar. Bu usullary netijeli peýdalanmak bilen ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek işi ýokary derejede alnyp barylýar. Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda daşary ýurt dilini bilmek we ony ulanmagy başarmak babatda ýaşlara giňişleýin düşünje berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar daşary ýurt dillerini has-da oňat özleşdirýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni

Belent maksatlar rowaçlanýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak maksady bilen, onuň önümçilik, senagat, şonuň bilen bir hatarda, intellektual kuwwatyny artdyrmak babatda durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Şu maksada ýetmek üçin zerur bolan toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi, şol sanda ähli ösüşleriň berk binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi hem dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistan Watanymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim merkezleri giň gerim bilen gurulýar. Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilimiň ösüşi çaltlandyrylýar. Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň gerimi giňeldilýär. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň hem-de okuwçylaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Elektron maglumat gorunyň üstüni täze maglumatlar bilen ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Ýurdumy

Bagtyýarlygyň ygtybarly çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen günsaýyn gülläp ösýän Watanymyzda bagtyýar halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Bedew batly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaşlara döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Şeýlelikde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip, nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýaş nesillere mynasyp terbiýe bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň özgermegine, şonuň ýaly-da, dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna, ösen bilimlere esaslanýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegine öz täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň gujur-gaýratly, terbiýeli, akyl-paýhasly bolmalydygy baradaky pentlerini diňläp, öwrenip, ony ýerine ýetirmek, halal zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşmak, ata Watanymyza wepaly, kämil nesilleri ösdürip ýetişdirmek bilim ulgamynyň her bir hünärmeni üçin uly bagtdyr.

Sanly tehnologiýalar durmuşymyzda

Häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ilatyň ýokary bilim derejesi islendik döwletiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň özgertmeler ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Bularyň ählisi ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda hormatly Preziden

Kämilligiň berk binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylymdyr bilime täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesi hökmünde ýokary baha berýär. Şonuň üçin hem milli bilim we ylym ulgamlarynyň işiniň hil taýdan halkara ülňülerine laýyk getirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şeýlelikde, bilim özgertmeleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet derejesinde edilýän yzygiderli aladalaryň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda we pugtalandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Netijede, çagalar okatmagyň iň kämil okuw enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklarynyň eýeleri boldular. Olarda ýaşlar halkara ölçeglerine laýyk bilim öwrenýärler, milli ruhumyza laýyk terbiýelenýärler. Soňra bolsa arzuwlan hünärlerini ele almak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyndaky çuňňur özgertmeleri ýurdumyzyň köptaraply ösüşlerini täze belentliklere götermek, jemgyýetimizde sazlaşykly ösüşi gazanmak, ýokary tehnologiýalary durmuşymyza giňden ornaşdyrmak ýaly asylly maksatlar bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyny hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda, bu ulgamda özgertmeleri geçirmekde öňde durýan wajyp wezipeler aýdyňdyr.

Okuwçylaryň söz baýlygyny artdyrmak

Ynsanyň ömrüne baky hemra bolýan gymmatlyklaryň biri hem ene dilidir. Çünki dil ynsanyň pikirlenişi, oý-hyýallary bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem her bir adamyň öz pikirlerini kämilleşdirmegi üçin dil baýlyklaryny ösdürmegi gerekdir. Bu barada türkmen dili dersinden guraýan sapaklarymyzda hem temalar boýunça okuwçylaryň doly düşünmeklerini, maglumatlary özleşdirmeklerini gazanmaga çalyşýarys. Sapagyň ahyrynda we öýe ýumuş hökmünde okuwçylara türkmen diliniň düşündirişli sözlükleriniň I-II tomlary, orfografik sözlügi bilen aýratyn işlemeklerini tabşyrýaryn. Okuwçylara düşündirişli sözlüklerden on sözi, orfografik sözlükden hem on sözi ulanyp, sözlem içinde getirip, tekst düzdürýärin. Okuwçylaryň düzen tekstlerini birek-birege okadýaryn, ýalňyşlaryny ýüze çykarmaklaryny tabşyrýaryn. Soňra okuwçylar bilen ýalňyş üstünde bilelikde işlenilýär. Bular barada okuwçylaryň depderlerine bellik etdirýärin. Dil bilen baglanyşykly ençeme alymlaryň, dilçileriň, akyldarlaryň parasatly sözlerini hem okuwçylara ýatdan öwredýärin. Olara parasatly sözleriň manysy barada öz pikirlerini aýtdyrýaryn.

Edebiýat sapaklaryny täsirli guramak

Ýazyň hem güýzüň şahyry hasaplanýan Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi, onuň şygyrlarynyň täsiri edebiýaty söýüjiler üçin aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Güýz paslynyň özboluşly keşbi, tarypy şahyryň şygyrlarynda giňden şöhlelenýär. Bu paslyň tarypy şahyryň dilinde söz bilen çekilen ajaýyp suratdyr diýsek has hem ýerine düşer. Edebiýatyň görnükli wekilleriniň biri bolan Gurbannazar şahyryň güýz baradaky şygyrlary edebiýat sapaklarynda öwrenilýär. Özümiň okadýan synplarymda güýz pasly bilen bagly guraýan sapaklarymyň täsirli bolmagy üçin taýýarlanýaryn. Sapakda şahyryň peýzaž, tebigat hakdaky goşgularynyň içinde altyn güýz baradaky goşgularynyň aýratyn saýlanyp durýandygy, ol goşgularyň şahyryň «Ýer-gögüň arasynda» atly ýygyndylar toplumynda ýerleşdirilendigi barada okuwçylara maglumat berýärin. Şahyryň bu ajaýyp pasla bagyşlap, «Güýz», «Güýz peýzažy», «Sonetler çemeni» ýaly şygyrlarynyň mazmuny barada okuwçylara giňişleýin düşünje berýärin. Şahyryň güýz paslyny hiç bir şahyra meňzemeýän derejede täsirli taryplandygyna goşgy setirleriniň üsti bilen okuwçylaryň ünsüni çekýärin. Mysal üçin:

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Sözleýiş medeniýetini ösdürmegiň aýratynlyklary Mekdeplerde islendik sapaklar boýunça öwredilýän maglumatlar okuwçynyň umumy ösüşine täsirini ýetirýär. Şunda türkmen dili we edebiýat sapagyna aýratyn orun degişlidir. Çünki okuwçylar dersiň üsti bilen öz pikirini dogry beýan etmegi, sözleýiş medeniýetini öwrenýärler. Okuwçynyň türkmen diliniň serişdelerinden peýdalanyp biliş derejesi näçe ýokary boldugyça, mekdepde geçilýän beýleki derslerden berilýän bilimleri özleşdirip bilmek mümkinçiligi ýokarlanýar. Türkmen dili sapaklary okuwçylaryň logiki pikirlenmesini ösdürmekde täsirli serişdeleriň biridir.

Çagalarda tebigata söýgi döretmek

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalary görýän, eşidýän, bolýan wakalar bilen ýakyndan tanyşdyrmak, öwretmek, düşündirmek ilkinji zerurlyklaryň biridir. Çaga başlangyç synpa barmazyndan öňürti mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan sapaklar boýunça ýönekeýje düşünjeler öwredilýär. Olary çaganyň oňat özleşdirmegi üçin terbiýeçiler görkezme esbaplaryndan, gezelençlerden peýdalanýarlar. Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagymyz boýunça çagalara häzirki paslymyz barada giňişleýin düşünjeleri berýäris. Güýz paslynda ene toprakdan hasyllaryň ýygnalýandygy barada gürrüň berilýär. Gawun, garpyz, pagta, käşir, üzüm we beýleki ekinleriň ýyglyp, ýerleriň geljekki hasyl üçin sürlüp, taýýarlanyp goýulýandygy barada aýdýarys. Çagalar özleriniň iýýän gawun, garpyz, alma, şetdaly, pomidor... ýaly miwedir gök-önümleriniň atlaryny sanaýarlar. Bu sapak boýunça çagalara öz halaýan miweleriniň suratlaryny çekmegi öwredýäris. Güýz paslynda howanyň sowamagy bilen guşlaryň hem ýyly ýurtlara uçup gidýändigi barada slaýd şekilleriniň üsti bilen gürrüň berýäris. Olara gündelik görýän guşlarynyň atlaryny sanadyp, nähili guşlary bilýändikleri hakynda gürrüň berdirýäris. Olara tebigat bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamalydygy, janly-jandarlara hiç hili zyýan ýetirmeli däldigi barada hem düşündirýäris. Körpelere baglary, gülleri köp ekmelidigini, ekilen ösümliklere suw berip, ola

Döwrebap bilim özgertmeleri

Maglumat hem-de innowasiýa tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän döwründe bilim ulgamynda täze wezipeler, usullar, serişdeler we çemeleşmeler kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň maksady ýurdumyzda ähli zadyň gözbaşy bolan ylmy ösdürmekden ybarat bolup durýar. Ozaly bilen, ýurduň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny durmuşa giňden ornaşdyrmak maksadynda möhüm resminamalar we wajyp maksatnamalar kabul edildi. Şu nukdaýnazardan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» uly ähmiýete eýedir. Görnüşi ýaly, bilim özgertmelerinde möhüm resminamalar kabul edilýär, okatmagyň hili, bilim öwretmegiň usullary barha kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň geljegi hem-de kuwwaty ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz üçin bäsdeşlige ukyply hem-de zehinli ýaşlary terbiýelemekde, olary öz kärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, dünýä ylmynyň gazanan döwrebap usullary, şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrylan özgertmeler üstünliklere beslenýär. Bilimi

Dil bilen dünýäni gezer

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly üns berilýär. Milli terbiýäniň gözbaşy ene diline bolan söýgüden başlanýar. Türkmen dilinde nakyllaryň, paýhasly sözleriň üsti bilen ýaşlara asylly terbiýe berilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyna laýyklykda, ýokary we ýörite, orta okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda işler barha giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaşlaryň dil bilimini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň dil taýýarlygy, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegi, erkin gürläp bilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Sözleýiş dilini ösdürmekde sanly ulgamyň, döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýar.

Bilimli ýaşlar — röwşen geljegimiz

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim öwrenmegi, sport, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň çäklerinde döwrebap bilim edaralary we çagalar baglary gurulýar, okuw-terbiýeçilik işleri döwrebaplaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, bilim işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Dil her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny, ösüşini, halklaryň milli özboluşlylygyny, maddy, medeni derejesini, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekde, bilmekde hem gymmatly serişde bolup durýar. Döwlet dili bolan türkmen dilimizden başga-da, ählumumy ykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyň dili hökmünde iňlis dili, rus dili öwrenilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň maksatnamasyna ýapon we koreý dilleri hem girizildi.

Dil öwrenmegiň döwrebap tärleri

Ýurdumyzyň dil syýasatynda ýaş nesliň dünýä dillerini bilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýaşlar mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy orta bilim berýän mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ene dilimiz bilen bir hatarda ondan gowrak daşary ýurt dilini öwrenýärler. Agzalan bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw otaglary dilleri öwrenmek üçin häzirki zaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Mekdeplerimiz hem öz gezeginde daşary ýurt dilleri boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün edilen. Ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bolsa bu babatda ýurdumyzyň bilim edaralary hem-de işgärleri üçin esasy ýörelge bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň öňünde goýulýan ilkinji wezipe onuň sapakda guramaçy hökmünde çykyş etmegidir. Beýle diýildigi, mysal üçin, rus dili dersi boýunça ilkinji düşünjeleri okuwçylara öwretmek we olaryň ünsüni çekmek, sapakda ýadamazlygyny gazanmak möhümdir. Esasan hem, mugallym başlangyç synplarda rus dili sapaklaryny guramakda görkezme esbaplaryndan, oýunlardan ýerlikli peýdalanmak üçin irginsiz gözlegde bolmalydyr. Çünki mugallym okuwçynyň ýerine ýetirmeli wezipelerini, has takygy, olaryň täze tema bile

Halkara olimpiadadaky üstünlikli çykyşlar

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde maliýe howpsuzlygy boýunça IV halkara olimpiada geçirildi. 36 döwletden 600 töweregi ýaşlar gatnaşan bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Halkara olimpiada daşary ýurtlardan gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan 56 talybyň arasynda türkmenistanly ýaşlaryň bäsleşigiň ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy, hukuk, halkara gatnaşyklar ýaly ugurlarda öz ukyp-başarnyklary bilen ýokary netije gazanandyklaryny aýtmak ýakymlydyr. Şunda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Jennet Berdiýewa ykdysadyýet ugry boýunça birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Täjimyradow maglumat howpsuzlygy, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýsenem Nuryýewa ykdysadyýet, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Arslan Şaimow bolsa halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça ikinji orunlara mynasyp boldular.

Okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Halkymyzyň joşgunly, tutanýerli zähmeti esasynda ýetilen belent sepgitlerde kärdeşler arkalaşygynyň tutýan orny» atly okuw maslahaty geçirildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygynyň komiteti okuw maslahatynyň guramaçylyk işlerine giňden ýardam berdi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi (TKAMM) tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7 — 11-nji oktýabry aralygynda geçirilen okuw maslahatyna ýokarda agzalan pudaklaryň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, TKAMM-yň jogapkär işgärleri gatnaşdy.

Bilim-terbiýe bermekde nusgawy edebiýatyň ähmiýeti

Pederlerimiz öz ogul-gyzyny terbiýelemekde görüm-görelde bolmak, zähmetde taplamak, halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalaryny öwretmek, şahyrlaryň şygyrlaryndan mysal getirmek ýaly birnäçe milli ýörelgelere eýeripdirler. Türkmen milli pedagogikasynyň ýene bir aýrylmaz ugry bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarydyr. Körpeje nesillerimiz eýýäm mekdebe gelenlerinde, «Türkmeniň» şygryndan bentleri ýatdan aýdýarlar. Şahyryň «Jan içinde» şygrynda janly-jandarlaryň öz dilinden tebigy häsiýetleri, ýaşaýyş aýratynlyklary we türkmen tebigatynyň gözelligi şahyrana beýan edilýär. Şeýle hem bu şygyr tymsallyk häsiýetiniň ýiti duýulýandygy üçin körpe nesillerde oňyn gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Bu goşgy setirlerinde ady agzalýan janly-jandarlar, olaryň häsiýetleri bilen okuwçylary tanyşdyrýaryn. Biziň tebigatymyzda duş gelýän ýerleri hakynda gürrüň berýärin. Goşgudaky gumrular, tawus guşuň owadanlygy, ýa bolmasa, türkmen halk ertekileridir rowaýatlarynda ýatlanylýan ähli saz gurallaryň sesini çykaryp bilýän kaknus guşy hakynda aýdylanda hem okuwçylar ünsli diňleýärler. Bularyň üsti bilen okuwçylaryň tebigata we halk ertekilerine gyzyklanmasyny has-da artdyryp bolýar.

Dünýä dillerini haýsy ýaşda öwrenmeli?

Biz haýsy ýaşda daşary ýurt dillerindäki sözleri beýnimize çalt kabul edip bilýäris? Dilleri öwrenmegiň ýaş aýratynlygy barmy? Islendik ýaşda dil öwrenmek mümkinmi? Bu soraglara jogap gözlemek maksady bilen, ýakynda alymlar tarapyndan ýörite ylmy barlaglar geçirilipdir. Barlagyň netijeleri dünýä belli neşirleriň biri bolan «The Journal of Neuroscience» žurnalynda çap edilipdir. Amerikan we britan neýrofiziologlaryň geçiren barlaglary esasynda dil öwrenilende beýniniň çalt kabul edip bilýän ýaş aýratynlygy kesgitlenilipdir. Islendik ýaşda hem dil öwrenmek mümkin. Emma bu babatda has amatly ýaş aýratynlygy hökmünde alymlaryň barlaglary iki ýaşdan dört ýaş aralygyny görkezýär. Alymlar bu döwürde çagalaryň beýnisiniň ösüp, kämilleşip ugraýandygyny, bilesigelijilik höwesini göz öňüne tutmak bilen olaryň gündelik öwrenen sözlerini çalt kabul edip, beýnisinde tiz özleşdirýändiklerini belleýärler. Alymlaryň ýene-de bir geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, 5-6 ýaşlaryndaky çagalaryň köp zatlary özleşdirip başarýandygy 70 göterim bilimi şol döwürde alýandygy anyklanyldy. Şonuň üçin hem çagalara bu döwürde berlen bilim edil daşa ýazylan ýaly olaryň bilim binýadynyň berkden bolmagyna kömek edýär.

Bilim — biziň bagtymyz

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünlikleri ähli halkymyzy guwandyrýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan çärelere syn edeniňde hem aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Asuda, abadan ýurdumyzyň haýsy pudagyny alsaň-da, göwün göteriji ösüşler, ýetilen belent sepgitler diýseň buýsandyrýar. Bu ösüşleriň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydygyny turuwbaşdan bellemelidiris. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerinde bilim ulgamy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen has belent sepgitleri nazarlaýar. Elbetde, geljek ýaşlaryňky, geljekde ýurdumyzy ösdürmeli şu günki ýaşlar. Şu jähetden hem, bilim ulgamyndaky ösüşler aýratyn mana eýe bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hem dürli dabaralara, ýetilen üstünlikleri görkezýän çärelere giň gerim berildi.

Körpeler üçin ýumuşlar

Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen şu ýylyň 25-nji maýynda «Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu döwlet bilim resminamasynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berler. Şu maksat bilen, innowasion tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat-kommunikasiýa, oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, okatmagyň ösdüriji, sungat ýaly ýokary netijeli usullaryny okuw işinde giňden peýdalanmak ýola goýlar» diýlip görkezilýär. Biz hem şundan ugur alyp, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen öwrediji oýunlaryň käbirlerini size hödürleýäris. Çagalar bagyna gatnaýan jigiňe okap ber, bileje goşgy-ýumuşlary, mysallary ýerine ýetir! Ol siziň ikiňiz üçin hem peýdaly. Onsoň sen-ä mekdepde bäşlik alarsyň, jigiňi-de okuwa taýýarlarsyň!

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bähbitli işleriň çözgüdi Güneşli Diýarymyzyň bilim ulgamynyň işi ajaýyp zamanamyzyň talabyna görä kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesle bilim we terbiýe bermek işini kämilleşdirmekde ýokary netijeleriň gazanylýandygy doly güwä geçýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesil hakynda edilýän alada bagtyýar ertirimiziň aladasydyr. Çünki mugallymyň päk zähmetiniň datly miwesiniň ertirki abadan geljegimiziň bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ýaşlaryň kemala gelmeginde jemlenýändigini görkezýär. Abadan ertirimiziň aladasy şu günümizden rowaç alýar.