Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak maksady bilen, onuň önümçilik, senagat, şonuň bilen bir hatarda, intellektual kuwwatyny artdyrmak babatda durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Şu maksada ýetmek üçin zerur bolan toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi, şol sanda ähli ösüşleriň berk binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi hem dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistan Watanymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim merkezleri giň gerim bilen gurulýar. Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilimiň ösüşi çaltlandyrylýar.
Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň gerimi giňeldilýär. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň hem-de okuwçylaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Elektron maglumat gorunyň üstüni täze maglumatlar bilen ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ählisi döwleti ösdürmek, adam we onuň ýaşaýyş-durmuşy baradaky alada ýugrulandyr. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ýörite bilimli, döwrüň täze tehniki ösüşlerinden habarly, başarnykly hünärmenler bilen üpjün etmek babatda bilim ulgamynda gysga döwürde bitirilen beýik işler oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda gurulýan her bir täze desgada ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary ornaşdyrylýar. Şunda önümçilik babatda aýdylanda, hiliň we netijeliligiň üpjün edilmeginde ähmiýeti örän ýokarydyr.