Bilim-terbiýe bermekde nusgawy edebiýatyň ähmiýeti

13 Oktýabr 2024
543

Pederlerimiz öz ogul-gyzyny terbiýelemekde görüm-görelde bolmak, zähmetde taplamak, halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalaryny öwretmek, şahyrlaryň şygyrlaryndan mysal getirmek ýaly birnäçe milli ýörelgelere eýeripdirler. Türkmen milli pedagogikasynyň ýene bir aýrylmaz ugry bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarydyr. Körpeje nesillerimiz eýýäm mekdebe gelenlerinde, «Türkmeniň» şygryndan bentleri ýatdan aýdýarlar. Şahyryň «Jan içinde» şygrynda janly-jandarlaryň öz dilinden tebigy häsiýetleri, ýaşaýyş aýratynlyklary we türkmen tebigatynyň gözelligi şahyrana beýan edilýär. Şeýle hem bu şygyr tymsallyk häsiýetiniň ýiti duýulýandygy üçin körpe nesillerde oňyn gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.

Bu goşgy setirlerinde ady agzalýan janly-jandarlar, olaryň häsiýetleri bilen okuwçylary tanyşdyrýaryn. Biziň tebigatymyzda duş gelýän ýerleri hakynda gürrüň berýärin. Goşgudaky gumrular, tawus guşuň owadanlygy, ýa bolmasa, türkmen halk ertekileridir rowaýatlarynda ýatlanylýan ähli saz gurallaryň sesini çykaryp bilýän kaknus guşy hakynda aýdylanda hem okuwçylar ünsli diňleýärler. Bularyň üsti bilen okuwçylaryň tebigata we halk ertekilerine gyzyklanmasyny has-da artdyryp bolýar.

Jahangül GURBANMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiň mugallymy.