Bilimli ýaşlar — röwşen geljegimiz

15 Oktýabr 2024
489

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim öwrenmegi, sport, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň çäklerinde döwrebap bilim edaralary we çagalar baglary gurulýar, okuw-terbiýeçilik işleri döwrebaplaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, bilim işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Dil her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny, ösüşini, halklaryň milli özboluşlylygyny, maddy, medeni derejesini, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekde, bilmekde hem gymmatly serişde bolup durýar. Döwlet dili bolan türkmen dilimizden başga-da, ählumumy ykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyň dili hökmünde iňlis dili, rus dili öwrenilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň maksatnamasyna ýapon we koreý dilleri hem girizildi.

Şemşat EÝEBERENOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiň mugallymy.