Dünýä dillerini haýsy ýaşda öwrenmeli?

9 Oktýabr 2024
586

Biz haýsy ýaşda daşary ýurt dillerindäki sözleri beýnimize çalt kabul edip bilýäris? Dilleri öwrenmegiň ýaş aýratynlygy barmy? Islendik ýaşda dil öwrenmek mümkinmi? Bu soraglara jogap gözlemek maksady bilen, ýakynda alymlar tarapyndan ýörite ylmy barlaglar geçirilipdir. Barlagyň netijeleri dünýä belli neşirleriň biri bolan «The Journal of Neuroscience» žurnalynda çap edilipdir. Amerikan we britan neýrofiziologlaryň geçiren barlaglary esasynda dil öwrenilende beýniniň çalt kabul edip bilýän ýaş aýratynlygy kesgitlenilipdir. Islendik ýaşda hem dil öwrenmek mümkin. Emma bu babatda has amatly ýaş aýratynlygy hökmünde alymlaryň barlaglary iki ýaşdan dört ýaş aralygyny görkezýär. Alymlar bu döwürde çagalaryň beýnisiniň ösüp, kämilleşip ugraýandygyny, bilesigelijilik höwesini göz öňüne tutmak bilen olaryň gündelik öwrenen sözlerini çalt kabul edip, beýnisinde tiz özleşdirýändiklerini belleýärler.

Alymlaryň ýene-de bir geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, 5-6 ýaşlaryndaky çagalaryň köp zatlary özleşdirip başarýandygy 70 göterim bilimi şol döwürde alýandygy anyklanyldy. Şonuň üçin hem çagalara bu döwürde berlen bilim edil daşa ýazylan ýaly olaryň bilim binýadynyň berkden bolmagyna kömek edýär.

Taýýarlan Gülnur ESENOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň okuwçysy.