Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen günsaýyn gülläp ösýän Watanymyzda bagtyýar halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Bedew batly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaşlara döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Şeýlelikde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip, nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýaş nesillere mynasyp terbiýe bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň özgermegine, şonuň ýaly-da, dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna, ösen bilimlere esaslanýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegine öz täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň gujur-gaýratly, terbiýeli, akyl-paýhasly bolmalydygy baradaky pentlerini diňläp, öwrenip, ony ýerine ýetirmek, halal zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşmak, ata Watanymyza wepaly, kämil nesilleri ösdürip ýetişdirmek bilim ulgamynyň her bir hünärmeni üçin uly bagtdyr.