Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly üns berilýär. Milli terbiýäniň gözbaşy ene diline bolan söýgüden başlanýar. Türkmen dilinde nakyllaryň, paýhasly sözleriň üsti bilen ýaşlara asylly terbiýe berilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyna laýyklykda, ýokary we ýörite, orta okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda işler barha giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaşlaryň dil bilimini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň dil taýýarlygy, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegi, erkin gürläp bilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Sözleýiş dilini ösdürmekde sanly ulgamyň, döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýar.