"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli medeniýetiň we sungatyň dabaralanmasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, milli ruhly, döwrebap ösüşli medeniýetimiz, sungatymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň aýrylmaz bir bölegine öwrülip, jemgyýetiň ruhy bitewüligini kemala getiriji güýje eýe bolýar. Şonuň netijesinde hem, türkmen medeniýeti häzirki döwürde milli mirasy we jemgyýetiň häzirki zaman ösüşini özünde jemleýän döwlet durmuşynyň depginli ösýän ulgamyna öwrülýär. Eziz Watanymyzda milli medeniýetimiziň ruhy-ahlak, maddy we maddy däl gymmatlyklary, baý taryhy aýawly saklanylýar we asyl köklerimize daýanmak arkaly ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Bu bolsa medeniýetimiziň, sungatymyzyň hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklaryny, özboluşlylygyny ýüze çykaryp, dünýädäki abraýyny belende göterýär. Medeniýete, sungata uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitaplary medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň ýankitabyna öwrüldi. Bu dürdäne kitaplarda manyly beýan edilýän täsirli wakalar, rowaýatlar esasynda, ýurdumyzyň teatrlarynda goýlan sahna eserleri, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Dünýä medeniýetine syýahat

Ýurdumyzda uly ruhubelentlige beslenýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi ata Watanymyzda dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, medeni gatnaşyklaryň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrýandygyny, halklar arasynda agzybirligiň, jebisligiň ýaýylýandygyny görkezýär. Türki dilli döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki çäreler TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň, halklarynyň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, medeniýetdir sungatdaky ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny beýan edýär. Hepdeligiň dowam edýän şu günlerinde TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň halklarynyň käbir milli aýratynlyklary barada gürrüň etmek has-da ýakymly. Mukam — azerbaýjan halk aýdym-saz sungatynyň esasy görnüşleriniň biridir. Adatça mukamy bir aýdymçy ýerine ýetirip, onuň ýanynda birnäçe sazanda sazandarlyk edýär. Öňki döwürlerde bir toparda depçi, tarçy, kemançy, kanunçy, tüýdükçi, nagaraçy bolup, aýdymçynyň özi hem saz gurallarynyň birini çalypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, sazandalaryň sany artyp, birnäçe saz gurallary hem goşulypdyr. Mukam ýokary perdeden aýdylýan aýdym bolup, ol toý-dabaralaryň bezegi bolupdyr. Ol esasy ýedi we goşmaça birnäçe bölekden ybaratdyr. 2008-nji ýylda mukamyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi azerbaýjan halky üçin buýsandyryjy waka boldy. Şeýle-de şol ýyl Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda Halkara

Döwürleriň şahyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň taryhynda täze bir döwür başlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty arkaly türkmen döwletiniň medeni, ylmy diplomatiýasy dünýä ýüzünde öz mynasyp ornuna eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyz: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy» diýip belleýär. Ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramy Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek baradaky çäreler bilen utgaşýar. Bu medeni çäreleriň esasynda halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän durmuş pelsepesi türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň waspyna öwrülen döredijiligi arkaly dünýä derejesinde toýlanýar. Akyldar şahyryň goşgulary ynsan mertebesine we gazanan üstünliklerine bolan söýginiň nusgasyna öwrülip, birlige, bitewülige, parahatçylyga we hoşniýetli gatnaşyklara bolan çagyryş hökmünde dünýä ýaýylýar. Muňa ýurdumyzda we daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyrynyň edebi mirasyna, halkara derejede dabaralandyrylmagyna bagyşlanylan köpugurly çäreler aýdyň mysaldyr.

Milli medeniýetimiziň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä derejesinde ösmegi, halkymyzyň milli ruhunyň galkynmagy ugrunda buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Güneşli diýarymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden toý edilmegi, bu senä gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi hem ýönelige däl. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda yzygiderli geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň Medeniýet hepdeliginde guralýan joşgunly çykyşlary bagtyýar durmuşymyzyň belent waspyna öwrülýär». Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, 22 — 27-nji iýunda ak mermerli paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan Medeniýet hepdeligi, hakykatdan-da, bagtyýar durmuşymyzyň belent waspyna öwrülip, berkarar Watanymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri giňden açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu giň göwrümli çärede welaýatymyza tanymal bagşy-sazandalar, döredijilik toparlary wekilçilik edip, millilige ýugrulan joşgunly çykyşlary bilen merjen şäherimizde ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyga özboluşly ruhubelentlik çaýdylar. Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçirilen aýdym-sazly dabaralara, şekillendiriş we am

Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze buý­sanç

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň işi döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­ýär hem-de kä­mil­leş­di­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de me­de­ni­ýet, sun­gat us­sat­la­ry­na dö­re­di­ji­lik ukyp­la­ry­ny, ze­hin­le­ri­ni açyp gör­kez­mä­ge äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň dün­ýä döw­let­le­rin­de, beý­le­ki döw­let­le­riň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň bi­ziň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi, dür­li me­de­ni mak­sat­ly fo­rum­la­ryň, fes­ti­wal­la­ryň, da­şa­ry ýurt­ly meş­hur sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­sert­le­ri­niň, Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň gu­ral­ma­gy, me­de­ni­ýet, sun­gat us­sat­la­ry­na Şa ser­paý­la­ry­nyň ýa­py­lyp, hor­mat­ly at­la­ryň da­kyl­ma­gy gö­wün­le­ri gal­kyn­dyr­ýan aja­ýyp wa­ka­lar­dyr. Me­de­ni­ýe­tiň we sun­ga­tyň hak hos­sar­la­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň me­de­ni­ýet, sun­gat us­sat­la­ry­na goý­ýan be­lent sar­pa­sy bu ul­ga­myň iş­gär­le­ri­niň has dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mek­le­ri­ne uly ýar­dam ber­ýär. Ösüş­le­re bes­len­ýän hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­myz yzy­gi­der­li ös­dü

Ru­hy gal­ky­ny­şyň dabaralanmasy

Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi sö­züň do­ly ma­ny­syn­da ha­ky­ky dö­re­di­ji­lik fo­ru­my, sun­gat baý­ram­çy­ly­gy bol­dy. Hep­de­li­giň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ri­len dür­li çä­re­ler oňa gat­na­şan­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­dy, me­de­ni­ýet, sun­gat, ki­tap­ha­na, ne­şir­ýat, mu­zeý iş­gär­le­ri­ni, ta­ryh­çy­la­ry tä­ze dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri­ne ruh­lan­dyr­dy. Mu­ňa ola­ryň bir­nä­çe­si­niň aşak­da be­ýan edi­len ýü­rek söz­le­ri ar­ka­ly hem göz ýe­tir­mek bol­ýar. Meý­lis BAL­LY­ÝEW,Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­me­ni:

Baýramyňyz gutly bolsun!

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, diňe bir döwletimizde däl, eýsem, dünýäniň örän köp döwletlerinde agzybirligiň, jebisligiň toýy hökmünde bellenilip geçilýän mukaddes Gurban baýramy külli musulman dünýäsiniň naýbaşy baýramlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň Permany esasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iýun aýynyň 28-29-30-ynda biziň gözel Diýarymyzda bu baýramy üç günläp, uly şatlyk-şowhun bilen toýlamak bellenildi.

Medeniýeti ösdürmegiň kanunçylyk binýady

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Mejlisiň barşynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bilen gatnaşyklaryň çäklerindäki giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi. «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnama esasynda birnäçe milli ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky teklipler mejlisiň gün tertibindäki esasy meseleleriň hatarynda boldy.

Arkadag şäheri goşa toý tutýar

Her bir toý-baýramy guramaçylykly geçirýän watandaşlarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde erte, ýagny 29-njy iýunda döwrüň ruhuna kybap gelýän Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň şaýady bolarlar. Ekologiýa kadalarynyň ýerine ýetirilmegi, «ýaşyl» we «sanly» tehnologiýalaryň, «elektromobil» ulaglaryň ulanylmagy, «akylly» yşyklandyryşyň, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk, öý-durmuş, medeni-jemgyýetçilik hyzmatlaryň ýola goýulmagy bilen, türkmen topragynda dikeldilen bu şäheriň açylyş güni eziz Watanymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. Gojaman Köpetdagyň eteginde örän gysga wagtda emele gelen Arkadag şäheriniň tebigy aýratynlygy, gurluş we gözellik taýdan bezegi ösen döwrüň inžener-tehniki tejribesine, binagärlik däplerine, ekologik talaplaryna doly laýyk gelýändigi ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň görkezijisi bolup durýar. Täze şäheriň dürli maksatly desgalarynyň gurluşyk-dizaýn işlerinde zehinli ýaş hünärmenleriň çözgüt-teklipleriniň, täzeçil garaýyş-taslamalarynyň göz öňünde tutulandygy üçin, bu şäher Türkmenistanyň ýaşlyk mekany hökmünde tanalýar. Şäheriň 16-njy iýunda düýbi tutulan ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleriniň gujur-gaýratly ýaş işewürlere ynanylandygy, onuň täze bellenen ýolbaşçylarynyň aglabasynyň

Türkmenistan — toýly mekan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýar. Uly joşgun bilen bir hepdeläp gözel paýtagtymyzda dowam eden Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş şagalaňy düýn Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary bilen utgaşdy. Halkymyzyň baýramçylyk ruhuny şu gün başlanyp, üç günläp dowam etjek Gurban baýramy hem-de erte uly toýa beslenjek Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabaralary has-da belende göterer. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biri-birine hünji ýaly düzülip gidýän bu toý-baýramlar halkymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ýeten sepgidini ilata wagyz etmekde, sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmakda uly mümkinçilikdir. Ýaňy tamamlanan Medeniýet hepdeligini birsalym aňymyzda aýlap görenimizde oňa bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.

Ata Watan — ylhamdarym, hossarym!

Her kimiň gursagyna guýlan janyna hemra edilip bir üşük hem berler ekeni. Ol üşük öňde-soňda adamy öz erkine goýman, joşar durarmyşyn. Onuň akymy bilen gidip, üşük akarynyň gulagyny giňden açsaň welin, hakyky zehin ýüze çykyp, beýlekilere meňzemeýän bir delje eserler döräberýär. Iň bolmanda zehinler dünýäsinde ile goşulmaga mümkinçilik berýär. Biziň gürrüňini etjek bolýan ýigidimiz hem kalby ümmülmez joşgundan, ýüregi ylham kuwwatyndan doly, owazy şirinden-salykatly ýaş höwesjeň aýdymçylaryň biri Mahmut Şirmuhammet. Mahmudyň maşgalasy mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň Owganystandan ata Watanymyz Türkmenistana dolanýar. Ýurdumyzyň ýürek ýylysy, ata Watanyň hemaýaty, il-günüň goldawy olaryň maşgalasynyň alnyndan ak Gün bolup dogýar. Sungata we edebiýata bimöçber sarpa goýýan şahyr kakasy Şirmuhammet Ýeňiş Gurbanýaz oglunyň ýol-ýörelgesine mähir beren Mahmut çagalyk ýyllaryndan aýdym-saza imrinýär. Haýsydyr bir täze aýdym eşitse, ýüregi gobsunyberýär. Köp ýyllap tanymal bagşy-sazandalaryň aýdym-sazlaryny höwesli öwrenip, il arasynda ýerine ýetirip ýören bu ýigit soňlugy bilen inisiniň hem-de kakasynyň degerli maslahatlarynyň we ýakyndan ýardam bermekleriniň netijesinde öz aýdymlaryny hem döredip başlaýar.

Gurban baýramynyň sahawat nury

Ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge, toý-baýramlarymyzy giňden belläp geçmäge ähli mümkinçilikler döredilendir. Her ýyl degişli resminama gol çekilmegi bilen mukaddes Gurban baýramy hem uludan bellenip geçilýär. Halkymyz Gurban baýramyna aýratyn sarpa goýýar. Bu baýram her bir ynsany sogap işlere, ynsanperwerlige ruhlandyrýar. Bu gadymy baýramyň jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde hem-de baýlaşdyrmakda, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Halkymyzyň yslamyň gymmatlyklaryny özüniň ruhy baýlyklary bilen utgaşdyryp, asylly däplerini nesillere miras goýmak ýörelgesi bardyr. Bu hakykat Gurban baýramy günlerinde has-da aýdyň görünýär. Bu baýramda halkymyzyň ynsanperwerligi, ruhy päkligi, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege sylag-hormaty doly ýüze çykýar.

Ýedi günlük toý

27-nji iýunda ýurdumyzda ýedi günläp dowam eden Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň «Gahryman siz, Arkadag», Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowanyň «Pyragynyň toý gününde», Eldar Ahmedowyň «Armanym galdy» atly aýdymlary diňleýjilerde uly täsirleri galdyrdy. «Miras», «Serpaý» folklor we tans toparlary «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Altyn küýzeli gyzlar» atly tanslary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabarada çagalar tans toparynyň, «Mukam» skripkaçylar toparynyň çykyşlary hem geljegmiziň gül-gunçalary bolan ýaş nesliň zehin-başarnygyny açyp görkezdi. Dabara welaýatlaryň birleşen folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Küştdepdi» tansy bilen jemlendi.

Bir toý tutuň...

27-nji iýunda toý-baýramly günlerimiziň şatlygyny goşalandyran Medeniýet hepdeliginiň soňky güni Magtymguly Pyragynyň Aşgabat şäherindäki ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Medeniýet hepdeligiň ýapylyş dabarasy Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly dabarasyna utgaşyp gitdi. Mälim bolşy ýaly, Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary gurnaldy. Amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ylmy-amaly maslahatlar, festiwallar, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary, media-forumlar geçirildi.    

Medeniýet hepdeligi üstünlikli tamamlandy

Paýtagtymyzda dabaralandyrylan medeniýetiň, sungatyň toýy — Medeniýet hepdeligi döwrümiziň belent ruhuna beslenip, ýokary üstünlikli geçirildi. Şu gün — 27-nji iýunda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy.

Toý tutuldy, dünýä galdy haýrana

Şu gün — 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen Medeniýet hepdeliginiň jemleýji dabaralary boldy. Ir-säher bilen söz sungatyna ykbalyny baglan ýazyjy-şahyrlar, metbugat işgärleri we başga-da Medeniýet hepdeliginiň myhmanlarynyň ençemesi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Aşgabat şäherindäki ýadygärliginiň ýanynda ýygnandylar. Olar beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine goýulýan sarpa hökmünde onuň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

Şöhratly geçmişiň beýany

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Şöhratly taryhyň beýany» atly amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy. Sergide «Çeper döredijiligiň halk ussasy» adynyň eýeleri Haýtgül Ataýewanyň ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň gadymy we häzirki zaman nusgalary, dutar ussasy Öre Annaýewiň milli saz guralyny ýasamakda ulanylýan gurallary, ýasan dutarlary, şeýle-de Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy Ýazmyrat Bazarowyň taýýarlan deri we deri önümleri, possunlary sergini synlamaga gelenlerde milli gymmatlyklarymyzyň gün-günden kämilleşip, dünýä nusgalyk derejä ýetendigine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi.

Pyragyň arzuwlan zamanasynda

Bagtyýar durmuşyň joşýan mekany bolan, şan-şöhraty äleme dolýan ata Watanymyzda gazanylýan ösüşler kalbymyzy buýsanja besleýär. Ajaýyp döwrümizde medeniýetimiz, sungatymyz barha kämilleşýär. Ýurdumyzda indi asylly däbe öwrülip, her ýylda geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabaralara beslenýär.

Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň hazynasy

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän ylmy maslahatyň baş maksady Gündogar halklarynyň nusgawy edebiýatyny, filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden, wagyz etmekden, ol halklaryň diliniň we edebiýatynyň özara baglanyşygy boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden ybaratdyr. Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, akademiki institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, şeýle hem bu gurama agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň alymlary, ugurdaş hünärmenleri forumyň myhmanlary boldular.

Milli miras giňden wagyz edilýär

Medeniýet hepdeligi — 2023: bäşinji gün Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Paýtagtymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli dabaralar dowam edýär. Günüň birinji ýarymynda myhmanlar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna bardylar. Bu ýerde guralan kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan eserlerine giň orun berildi.