Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň hazynasy

27 Iýun 2023
380

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän ylmy maslahatyň baş maksady Gündogar halklarynyň nusgawy edebiýatyny, filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden, wagyz etmekden, ol halklaryň diliniň we edebiýatynyň özara baglanyşygy boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden ybaratdyr.

Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, akademiki institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, şeýle hem bu gurama agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň alymlary, ugurdaş hünärmenleri forumyň myhmanlary boldular.

Beýleki habarlar