Toý tutuldy, dünýä galdy haýrana

27 Iýun 2023
453

Şu gün — 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen Medeniýet hepdeliginiň jemleýji dabaralary boldy.

Ir-säher bilen söz sungatyna ykbalyny baglan ýazyjy-şahyrlar, metbugat işgärleri we başga-da Medeniýet hepdeliginiň myhmanlarynyň ençemesi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Aşgabat şäherindäki ýadygärliginiň ýanynda ýygnandylar. Olar beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine goýulýan sarpa hökmünde onuň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

«Watan».
Beýleki habarlar