Ýedi günlük toý

27 Iýun 2023
592

27-nji iýunda ýurdumyzda ýedi günläp dowam eden Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň «Gahryman siz, Arkadag», Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowanyň «Pyragynyň toý gününde», Eldar Ahmedowyň «Armanym galdy» atly aýdymlary diňleýjilerde uly täsirleri galdyrdy. «Miras», «Serpaý» folklor we tans toparlary «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Altyn küýzeli gyzlar» atly tanslary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabarada çagalar tans toparynyň, «Mukam» skripkaçylar toparynyň çykyşlary hem geljegmiziň gül-gunçalary bolan ýaş nesliň zehin-başarnygyny açyp görkezdi. Dabara welaýatlaryň birleşen folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Küştdepdi» tansy bilen jemlendi.

«Edebiýat we sungat»
Beýleki habarlar