Türkmenistan — toýly mekan

27 Iýun 2023
461

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýar. Uly joşgun bilen bir hepdeläp gözel paýtagtymyzda dowam eden Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş şagalaňy düýn Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary bilen utgaşdy. Halkymyzyň baýramçylyk ruhuny şu gün başlanyp, üç günläp dowam etjek Gurban baýramy hem-de erte uly toýa beslenjek Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabaralary has-da belende göterer.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biri-birine hünji ýaly düzülip gidýän bu toý-baýramlar halkymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ýeten sepgidini ilata wagyz etmekde, sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmakda uly mümkinçilikdir. Ýaňy tamamlanan Medeniýet hepdeligini birsalym aňymyzda aýlap görenimizde oňa bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
«Türkmen dünýäsi».
Beýleki habarlar