Milli medeniýetimiziň baýramy

27 Iýun 2023
508

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä derejesinde ösmegi, halkymyzyň milli ruhunyň galkynmagy ugrunda buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Güneşli diýarymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden toý edilmegi, bu senä gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi hem ýönelige däl. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda yzygiderli geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň Medeniýet hepdeliginde guralýan joşgunly çykyşlary bagtyýar durmuşymyzyň belent waspyna öwrülýär».

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, 22 — 27-nji iýunda ak mermerli paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan Medeniýet hepdeligi, hakykatdan-da, bagtyýar durmuşymyzyň belent waspyna öwrülip, berkarar Watanymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri giňden açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu giň göwrümli çärede welaýatymyza tanymal bagşy-sazandalar, döredijilik toparlary wekilçilik edip, millilige ýugrulan joşgunly çykyşlary bilen merjen şäherimizde ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyga özboluşly ruhubelentlik çaýdylar. Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçirilen aýdym-sazly dabaralara, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergilerine, kino görkezilişlerine, şygryýet agşamlaryna welaýatymyzyň köp sanly ýaşaýjylary işjeň gatnaşdylar.

Nurgözel BÄŞIÝEWA,
Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýüniň müdiri.
Beýleki habarlar