Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň işi döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ösdürilýär hem-de kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýet, sungat ussatlaryna döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açyp görkezmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dünýä döwletlerinde, beýleki döwletleriň Medeniýet günleriniň biziň ýurdumyzda geçirilmegi, dürli medeni maksatly forumlaryň, festiwallaryň, daşary ýurtly meşhur sungat ussatlarynyň konsertleriniň, Medeniýet hepdeliginiň guralmagy, medeniýet, sungat ussatlaryna Şa serpaýlarynyň ýapylyp, hormatly atlaryň dakylmagy göwünleri galkyndyrýan ajaýyp wakalardyr. Medeniýetiň we sungatyň hak hossarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeniýet, sungat ussatlaryna goýýan belent sarpasy bu ulgamyň işgärleriniň has döredijilikli işlemeklerine uly ýardam berýär.
Ösüşlere beslenýän häzirki ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilýär. Dostlukly gatnaşyklaryň ösmeginde medeniýet, sungat, döredijilik wekilleriniň hem mynasyp goşandy bar. Medeniýet, sungat halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar. Ruhy taýdan ýakynlaşmak dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da gülläp ösmegine getirýär.