"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Çalsana, bagşy!

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Paýtagtymyzdan we welaýatlarymyzdan bäsleşige gatnaşan bagşylar onda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny dünýä wagyz etmekde, milli aýdym-sazlarymyzy halkara giňişligine ýaýmakda zehin-başarnyklaryny görkezdiler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň şatlyk-şagalaňyny goşalandyryp, watandaşlarymyzyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göteren çäräniň soňunda ýeňijilere Şa serpaýlary gowşuryldy.

KALPLARY GÜN KIMIN ÇOÝÝAN SUNGAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ine, şeýle ýatdan çykmajak, her bir zenanyň kalbyny mähir-muhabbet bilen gurşap alan, tolgundyryjy wakalaryň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, türkmen halkynyň käbesi, maşgala mukaddesliginiň naýbaşy nusga mekdebini döreden Ogulabat ejemiziň işen alajalaryny we olary işmek üçin niýetlenen iş guralyny geljekki nesillere ýetirmek üçin döwlet muzeýine tabşyrdy. Bu taryhy hem-de ýatdan çykmajak pursatda her bir zenan ýaş nesle el işlerini öwretmegi özüne mukaddeslik hasaplap, maşgala gymmatlygynyň düýp manysydygyna ýene bir mertebe göz ýetirendir. Soňra Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyjyklary bilen ruhy we maddy medeniýetiň ojagy, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasy bolup durýan Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi. Bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen, çeperçilik gymmaty we tehniki taýdan taýýarlanyşy boýunça örän seýrek tapylýan baý gymmatlyklar toplumy jemlenipdir.

KITAP – AJAÝYP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

«Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok» diýlişi ýaly, kitap aýratyn bir dünýä. Ol dünýä parasatly jümlelere baý bolan, özünde altyn kümüşden gymmatly baýlygy gizläp saklaýan, doly açylmadyk sandykly ruhy hazynadyr. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Kitap paýhasly sözlerden bina edilen köşkdür. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir.

Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasy — terbiýe mekdebi

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy Watanyny, il-gününi jany-teni bilen söýen, özüniň bütin ömrüni ata Watanyna, onuň abadançylygyna bagyşlan, akylly-paýhasly, il içinde sylanýan şahsyýet bolupdyr. Ol zehinliligi we ýiti akyly bilen saýlanypdyr. Magtymguly Pyragy kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Onuň goşgularynda türkmen ýigidine mahsus bolan häsiýetler jemlenipdir. «Adamlarda ýagşy gylyk-häsiýetler, ahlak sypatlaryny terbiýelemek arkaly jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak bolar» diýen pikiri goldaýan Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan goşgulary uly meşhurlyga eýe bolup, bu günki gün türkmen ýaşlaryny terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Akyldar şahyryň döredijiliginde öwüt-nesihat beriji goşgulary aýratyn orny eýeleýär. «Janyna degmez», «Durasyň geler», «Ýör biläni», «Il ýagşy», «Zor bolar», «Aýrylma» ýaly onlarça şygyrlarynda şahyr döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek maksady bilen, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, gorkak namartlary ýaňsa alypdyr. Şahyryň «Il biläni» şygrynyň: Goç ýigide toýdur-baýram,

Dunhuandaky «Ýüpek ýoly» halkara medeni sergisinde Türkmenistanyň pawiliony görkezildi

Golaýda Hytaýyň Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde «Ýüpek ýoly» VI halkara medeni sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistandan bu sergä iki muzeý gatnaşýar — Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi we Şekillendiriş sungaty muzeýi. Türkmenistanyň pawilýonynda görkezilen täsin eksponatlar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny görkezýär.

Çaga terbiýesi – mukaddes iş

Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda tutuş bilim ulgamynda, şol sanda mekdebe çenli bilim edaralarynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere, körpelere döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkden tutulýar. Okuw-usuly serişdeleri bilen olaryň üpjünçiligini ýokarlandyrmak yzygiderli dowam etdirilýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladalaryň bimöçberdigini aňladýar. Mekdebe çenli bilim milli bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu ýerde körpe nesle bilim-terbiýe berlip, çagalar mekdebe taýýarlanylýar, olar bilimler dünýäsine aralaşyp, dürli sapaklar boýunça düşünje alýarlar, bilimleriň ilkinji esaslaryny öwrenýärler. Türkmen halkymyz edep-terbiýäni döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde görýär. “Akylly ogul hem edep, hem talap” diýen nakyl bolsa, çagalara irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ilkinji bilim-terbiýäniň ojagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalara irki ýaşdan başlap, döwrebap terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda Arkadagly Serdarymyz ähli

Eziz Watanyň saýrak bilbilleri

6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp, zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalar gatnaşyp, öz zehin-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere degişli diplomlar, noutbuk kompýuterleri, şeýle hem jemleýji tapgyra gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli çagalaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Saz dünýäsiniň ussady

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy babatdaky tagallalar bilen bir hatarda, medeni mirasy ösdürmek, wagyz etmek işlerine-de giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde, «Owaz», «Türkmen owazy» teleradioýaýlymlarynyň döredilmegi, Döwlet horunyň, simfoniki orkestriň işe başlamagy aýdym-saz sungatymyzyň täze galkynyşyndan habar berýär. Milli Liderimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynyň çap edilmegi saz medeniýetimiziň taryhynda aýratyn şanly waka boldy. Şol ajaýyp kitapda milli saz mirasymyzyň şöhratly ýoluna, ýeten ýokary derejesine içgin nazar aýlanyp, ony çuňňur öwrenmegiň ugurlary kesgitlenilýär. Halk aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde halypa bagşy-sazandalaryň bitiren işleri iňňän uludyr. Şol halypalaryň biri hem Çary Täçmämmedowdyr. Ol halk saz gurallary ansamblyna ýolbaşçylyk eden döwürlerinde käbir ýerine ýetirijilik däplerine batyrgaýlyk bilen täze çemeleşmeleri girizdi, saz gurallarynyň täsin sazlaşygynda halk heňleriniň we mukamlarynyň ençemesini ýazgy etdi. Ýagmyr Nurgeldiýew bilen bilelikde çalan sazlary hem Çary aganyň hemişe täzeligiň gözleginde bolandygyndan habar berýär. Halypa-şägirdiň birek-biregiň ýürek urgusyna diň salyp ýerine ýetiren «Hajygolak», «Maral geldi», «Baga gireli», «Tapmadym» ýaly birnäçe halk sazlarynyň ajaýyp ýazgylary ýol-ýörelge mekdebi, ýokary ýerine ýeti

Guýmagursak zehin

Köpden bäri milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran bagşy-sazandalaryň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp gelýärin. Ýakynda köpýyllyk döredijilik gözleglerim öz döwründe guýmagursak zehini bilen giňden tanalan bagşy doganlar Nursähet hem-de Jumasähet Halsähedowlaryň nebereleriniň döwletli ojagyna alyp geldi. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda eneden doglan Nursähet Halsähedow heniz oglan mahaly çopan taýagyny dutar edinip, aýdyma hiňlener ekeni. Onuň özünden kiçi Orazsähet, Baýsähet, Begsähet, Jumasähet atly inileri bolupdyr. Nursähet Nabat atly gyza öýlenip, olaryň maşgalasynda Näzikjemal, Nartäç, Durdynäzik, Ogulsuraý, Miwe we Hojamuhammet atly çagalary dünýä inipdir.

Wäşilikde özüni aldyran

Ol ejemiň daýysydy. Onuň ýüzi mydama gülüp, okara ýaly ullakan gara gözleri oýnaklap duransoň, «Ine, häzir bir gülkünç zat aýdar-ow» diýen pikir kelläňe urardy. Giň howlynyň gapysyndan girdigi, salamdan soň bir zatlar diýip degşerdi, ýomak aýdardy, soňra bolsa onuň bolşuna haýran galyp, biri-birine gysmyljyrap gülüp duran çagalaryň başlaryny sypap, hallaryny sorardy. — Hany, geliň, ýegeniň (ol ejeme şeýle diýip ýüzlenerdi) gizläp goýanja süýjülerinden hezil edip iýeliň — diýip, gyzykly gürrüňler bilen çaý başynyň lezzetini artdyrardy. Ol gaýtjak bolanda ýene-de basym-basymdan gelmegini arzuwlardyk.

Russiýanyň sirk artistleriniň tomaşalary

Ýurdumyzda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň sirk artistleriniň Mary welaýatyndaky çykyşlary üstünlikli tamamlanyp, sirk sungatynyň muşdaklaryna ruhy lezzet paýlady. Sirk artistleri welaýatyň gözel ymaratlarynyň biri bolan «Türkmeniň ak öýi» binasynda bir hepdeläp şüweleňli çykyş etdiler. Olar bu binada ilkinji çykyşlaryny gurap, welaýatyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna şowhunly sahna oýunlaryny görkezdiler. Myhmanlaryň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Esasan-da, Russiýanyň at gazanan artisti Baýram Ataýewiň çykyşy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Baýram aganyň aýylar bilen görkezýän oýunlary täsin pursatlara baý boldy. Sahna ussady Alýona Swetkowanyň gimnastika boýunça görkezen gyzykly çykyşlary-da hiç kimi biparh goýmady. Tomaşaçylar sahna çykan akrobatlaryň, ýolbarslar bilen oýun görkezýän artistleriň çykyşlaryny-da gyzgyn garşyladylar.

Täze teatryň täze spektakly

1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy esasynda «Köňüller kelamy» atly sahna oýny görkezildi. Guba düýesine Magtymgulynyň diwanyny satyn alan kişiniň söwdasynyň oňmagyndan wagtyhoş bolmagy, kynçylyklara ýan bermän kitaby okap bilmek üçin oba ýaşlarynyň hat okamagy öwrenmekleri hem-de diwanyň ýaş žurnalist tarapyndan göçürilip, halk köpçüligine ýaýylmagyny suratlandyrýan epizodlar tomaşaçylarda uly täsir döretdi. Bu sahna oýny halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bolan çäksiz buýsanjy açyp görkezdi.

Ömrüni sungata bagyşlan ussat

Çagalyk döwrümizde obamyzdaky klubda görkezilýän çeper filmlere höwes bilen tomaşa ederdik. Hasam türkmen kinolaryny halardyk. Olarda oýnaýan gahrymanlary içgin tanamasagam, «Japbaklar», «Aşyr aganyň hötjetligi», «Döwranyň başdan geçirenleri», «Gämiçiniň jany bir», «Derýanyň aňyrsy serhet» ýaly filmlerdäki artistleriň gülküli hereketleri çagalyk döwrümiziň iň süýji ýatlamalaryna öwrülipdi. «Şasenem-Garyp» kinofilmi mende aýratyn täsir galdyrypdy. Şasenemiň ejesiniň — şa aýalynyň keşbi häli-häzirlerem göz öňümde dur. Şol artiste bolan söýgim, hormatym iňňän ýokarydy. Ine, şol artistiň öz obadaşymyzdygyny, esengululy zenandygyny bilip, men guş bolup uçaýjak bolupdym. Ussat artist, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, ýarym asyrdan gowrak döredijilik ýoluny türkmen aýdym-saz, opera, kino sungatyna bagyş eden Annagül Annagulyýewanyň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatynyň bimöçberdigine diýseň buýsandym.

Bilbil sesli Bagdagül

Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi Bagdagül Mämmetgurbanowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Biz ýakynda zehinli aýdymçy bilen duşuşyp, söhbetdeş bolduk. — Bagdagül, ilki bilen, sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiş gazanyp, hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyryna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Üstünlikleriňiz dowamly bolsun!

Milli mirasa sarpaly eýýam

Halkymyzyň gadymdan gelýän şöhratly taryhy, baý mirasy bar. Ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän keşdeler hem şol baý mirasymyzyň esasy görnüşleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe keşdeçilik sungatynyň nepis nusgalary zamanabap görnüşde kämilleşdirilýär. Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan miras bolup gelen lybaslarynyň biri bolan keteniniň ýüzüne bejerýän keşdeleriniň diýseň owadan bolup, göreni haýrana goýýandygyny aýratyn bellemek gerek. Keteni öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Milli senet hökmünde meşhurlyga eýe bolan bu mata türkmeniň beýleki gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Halk içinde ýaýran gürrüňe görä, gadymy döwürlerde sähralyklarda keteni atly ösümlik bolupdyr. Şonuň süýüminden hem ilkinji keteni dokalypdyr we şol ösümligiň ady bilen baglanyşdyrylybam, ol mata «keteni» diýlip atlandyrylypdyr. Soňra senetkärler bu matany ýüpek gurçugynyň pilesinden alnan süýümden, sadaja tarada dokap başlapdyrlar we mata petli bolar ýaly ony duzly suwa ýatyryp guradypdyrlar. Bu usul matanyň berkligine-de täsirini ýetiripdir.

Täze oýun sahnalaşdyrylýar

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ýaş tomaşaçylar üçin sahnalaşdyran «Jadyly söz» atly täze spektakly bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgatly barýar. Dramaturg Aýmämmet Işangulyýewiň adybir eseri esasynda aýdym-sazly, gyzykly başdan geçirmeli spektakly tejribeli režissýor Guwanç Baýmetow sahnalaşdyrýar. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Meretdurdy Seitow, Halmyrat Şyhyýew, Pirnepes Hojanepesow, şeýle hem Begli Dowlyýew, Ýazdurdy Öwezow, Leýli Rejepowa, Leýla Gafurowa, Aýjahan Berdiýewa, Döwran Bekdurdyýew, Şeýdabeg Saryýew dagy spektaklda keşp janlandyrýarlar. Sahna oýnunda dostluk, mähribanlyk, birek-biregi goldamak ýaly ynsanperwer garaýyşlar ündelýär.

Saýrak bilbilleriň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Şu gün — 6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» türkmeniň ak öýünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda»  geçen bäsleşik täsirli pursatlara baý boldy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde badalga alýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ähli künjeginden iň bir zehinliler, döredijilige ukyply mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ezber okuwçylar bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş edip, öz döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezdiler.

Ruhubelentlik joşguny

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda häkimligiň mejlisler zalynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly maslahat geçirildi. Maslahata Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlarydyr talyplary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri, şäheriň il sylagly ýaşululary gatnaşdylar. Maslahatda guralan çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserleri, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, durnukly ösüşler, halkara gatnaşyklarynda gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşlere besleýän, halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlandy. Maslahat Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini wasp edýän şirinden-şirin aýdym sazlar bilen utgaşdy.

Hazaryň dostluk owazy

Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda «Hazar möwsümleri — 2023» halkara nusgawy sungat festiwaly geçirilýär. Oňa Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň döredijilik toparlary gatnaşýar. Indi üçünji gezek geçirilýän köpöwüşginli sungat baýramçylygynda ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti festiwalyň çäklerindäki hem-de onuň bilen ugurdaşlykdaky medeni çärelere gatnaşyp, türkmen sungatynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. 22-nji awgustda Astrahan Kremliniň Katedral meýdanynda giň gerimli, halkara derejeli medeni çärä badalga berlip, onuň açylyş dabarasy mynasybetli gala konsert boldy. Onda Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa ajaýyp aýdymlary bilen konsertiň şatlyk-şowhunyny artdyrdy. Hazarýaka döwletleriň sazandalaryndan düzülen bilelikdäki orkestriň ýerine ýetiren mukamlary-da aýdym-saz muşdaklaryna ruhy lezzet paýlady.

Dowamatdyr, bagtyýardyr sarsmaz türkmen binasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanşanynda, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlarynyň goýulmagynyň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy barada beren sargydyndan ugur alnyp, welaýat döwlet drama teatrynda «Dowamatdyr, bagtyýardyr sarsmaz türkmen binasy» atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy.