Saýrak bilbilleriň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

6 Sentýabr 2023
970

Şu gün — 6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» türkmeniň ak öýünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda»  geçen bäsleşik täsirli pursatlara baý boldy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde badalga alýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ähli künjeginden iň bir zehinliler, döredijilige ukyply mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ezber okuwçylar bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş edip, öz döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezdiler.

«Güneş».
Beýleki habarlar