Milli mirasa sarpaly eýýam

6 Sentýabr 2023
667

Halkymyzyň gadymdan gelýän şöhratly taryhy, baý mirasy bar. Ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän keşdeler hem şol baý mirasymyzyň esasy görnüşleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe keşdeçilik sungatynyň nepis nusgalary zamanabap görnüşde kämilleşdirilýär. Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan miras bolup gelen lybaslarynyň biri bolan keteniniň ýüzüne bejerýän keşdeleriniň diýseň owadan bolup, göreni haýrana goýýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Keteni öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Milli senet hökmünde meşhurlyga eýe bolan bu mata türkmeniň beýleki gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Halk içinde ýaýran gürrüňe görä, gadymy döwürlerde sähralyklarda keteni atly ösümlik bolupdyr. Şonuň süýüminden hem ilkinji keteni dokalypdyr we şol ösümligiň ady bilen baglanyşdyrylybam, ol mata «keteni» diýlip atlandyrylypdyr. Soňra senetkärler bu matany ýüpek gurçugynyň pilesinden alnan süýümden, sadaja tarada dokap başlapdyrlar we mata petli bolar ýaly ony duzly suwa ýatyryp guradypdyrlar. Bu usul matanyň berkligine-de täsirini ýetiripdir.

Aýnagözel Muhammedowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar