Hazaryň dostluk owazy

6 Sentýabr 2023
579

Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda «Hazar möwsümleri — 2023» halkara nusgawy sungat festiwaly geçirilýär. Oňa Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň döredijilik toparlary gatnaşýar. Indi üçünji gezek geçirilýän köpöwüşginli sungat baýramçylygynda ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti festiwalyň çäklerindäki hem-de onuň bilen ugurdaşlykdaky medeni çärelere gatnaşyp, türkmen sungatynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.

22-nji awgustda Astrahan Kremliniň Katedral meýdanynda giň gerimli, halkara derejeli medeni çärä badalga berlip, onuň açylyş dabarasy mynasybetli gala konsert boldy. Onda Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa ajaýyp aýdymlary bilen konsertiň şatlyk-şowhunyny artdyrdy. Hazarýaka döwletleriň sazandalaryndan düzülen bilelikdäki orkestriň ýerine ýetiren mukamlary-da aýdym-saz muşdaklaryna ruhy lezzet paýlady.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar