Çaga terbiýesi – mukaddes iş

9 Sentýabr 2023
286

Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda tutuş bilim ulgamynda, şol sanda mekdebe çenli bilim edaralarynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere, körpelere döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkden tutulýar. Okuw-usuly serişdeleri bilen olaryň üpjünçiligini ýokarlandyrmak yzygiderli dowam etdirilýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladalaryň bimöçberdigini aňladýar.

Mekdebe çenli bilim milli bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu ýerde körpe nesle bilim-terbiýe berlip, çagalar mekdebe taýýarlanylýar, olar bilimler dünýäsine aralaşyp, dürli sapaklar boýunça düşünje alýarlar, bilimleriň ilkinji esaslaryny öwrenýärler. Türkmen halkymyz edep-terbiýäni döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde görýär. “Akylly ogul hem edep, hem talap” diýen nakyl bolsa, çagalara irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ilkinji bilim-terbiýäniň ojagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalara irki ýaşdan başlap, döwrebap terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda Arkadagly Serdarymyz ähli zerur şertleri döredip berýär. Şeýle mümkinçilikler biziň çagalar bagymyzda hem döredilen. Bu ýerde çagalar bilen alyp barýan her bir bilim-terbiýeçilik işlerimizi millilik ýörelgelerimize esaslanyp guraýarys.

Beýleki habarlar