KITAP – AJAÝYP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

11 Sentýabr 2023
366

«Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok» diýlişi ýaly, kitap aýratyn bir dünýä. Ol dünýä parasatly jümlelere baý bolan, özünde altyn kümüşden gymmatly baýlygy gizläp saklaýan, doly açylmadyk sandykly ruhy hazynadyr. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar.

Kitap paýhasly sözlerden bina edilen köşkdür. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir.

Hurmagül ANNAGURBANOWA
Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň KA-nyň başlygy, tälimçi mugallym
Beýleki habarlar