Täze oýun sahnalaşdyrylýar

6 Sentýabr 2023
450

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ýaş tomaşaçylar üçin sahnalaşdyran «Jadyly söz» atly täze spektakly bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgatly barýar. Dramaturg Aýmämmet Işangulyýewiň adybir eseri esasynda aýdym-sazly, gyzykly başdan geçirmeli spektakly tejribeli režissýor Guwanç Baýmetow sahnalaşdyrýar. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Meretdurdy Seitow, Halmyrat Şyhyýew, Pirnepes Hojanepesow, şeýle hem Begli Dowlyýew, Ýazdurdy Öwezow, Leýli Rejepowa, Leýla Gafurowa, Aýjahan Berdiýewa, Döwran Bekdurdyýew, Şeýdabeg Saryýew dagy spektaklda keşp janlandyrýarlar. Sahna oýnunda dostluk, mähribanlyk, birek-biregi goldamak ýaly ynsanperwer garaýyşlar ündelýär.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Allanur SAPAROW.
Beýleki habarlar