"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýeti we sungaty ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň kalbyna, milletiň mertebesine deňeýän türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da ösdürmek boýunça alyp barýan beýik işleriniň uly üstünliklere beslenýändigini aýan edýän Medeniýet hepdeligi tutuş halkymyzyň arzyly baýramçylyklarynyň birine öwrüldi. 22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Ol çärä gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlikde garşylandy.

Medeniýet — dostluk köprüsi

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­riniň baş­lan­gy­jy bi­len in­di en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri her ýyl­da ýur­du­my­zyň bir se­bi­tin­de Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bol­sa bu uly baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry il­kin­ji ge­zek hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň gol çe­ken de­giş­li Ka­ra­ry bi­len, 2024-nji ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Arka­dag şä­he­rin­de Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni ge­çir­mek bel­le­nil­di. Hä­zir­ki wagt­da bu da­ba­ra­lar gu­ra­ma­çy­lyk­ly ba­dal­ga alyp, Arkadag şä­he­ri­niň dür­li ýer­le­rin­de ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de do­wam ed­ýär. Her ýyl­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi eziz Di­ýa­ry­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp gu­ral­ýar hem-de tä­ze ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak bi­len dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dy­r­ma­ga bolan hö­wesini artdyrýar. Il­kin­ji ge­zek bu çä­re Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, 2013-nji ýyl­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­di. Şol wagt­dan bä­ri Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­zy­na­sy­na ägirt uly go­şant go­şan türk­men­le­riň örän baý mi­ra­sy­nyň köp öw

Fudzi dagyndan, elwan güllerden salam!

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Ýa­kyn­da Ýa­po­ni­ýa döw­le­tin­de Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Bu me­de­ni da­ba­ra­la­ra köp­san­ly gör­nük­li me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri bi­len bir­lik­de bag­ty­ýar türk­men ýaş­la­ry gat­naş­dy­lar. Ýaş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň ha­ta­ryn­da Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry­nyň we mu­gal­lym­la­ry­nyň bol­ma­gy bu sy­ýa­sy-me­de­ni çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ýar. Ýaş­lar da­ba­ra­lar­da we bir­nä­çe du­şu­şyk­lar­da, mas­la­hat­lar­da çy­kyş et­di­ler. Bu iş sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň türk­men-ýa­pon gat­na­şyk­la­ry ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­riniň iki hal­kyň dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gy­na ber­ýän be­lent ba­ha­sy onuň ýa­zan iş­le­rin­de giň­den şöh­le­len­ýär. Her bir gat­na­şy­jy­da ýat­dan çyk­ma­jak duý­gu­la­ry gal­dy­ran şu sa­par bi­len bag­la­ny­şyk­ly Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň eser­le­rin­de Gü­nüň dog­ýan ül­ke­si ba­ra­da­ky ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry paý­laş­ma­gy mü­wes­sa bil­dik.

Sazyň hem sözüň baýramy

Şu gün — 23-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi säher bilen Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly dabarasy bilen başlandy. Baýramçylyk çykyşlarynda bagtyýar nesilleriň ýürek joşguny belentden ýaňlandy.

Medeniýet halkyň mertebesidir

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen Medeniýet hepdeligi öz işine başlady. Bu ýyl Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäherinde geçirilýändigi bolsa busanjymyza buýsanç goşýar.

Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Şu gün – 22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi öz işine başlady. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda sungat baýramçylygynyň açylyş dabarasy geçirildi. Teatryň eýwanynda şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy.

Hoş geldiň, köňül baýramy!

Biz oňa hemişekimiz ýaly garaşdyk. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu köňül toýumyzda buýsanç bilen aýdara, guwanyp söhbet edere zat diýseň kän. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi öňkülerden has üýtgeşik geldi. Ilki bilen, munuň özi ýylymyzyň ady bilen sazlaşykly ýaňlanýar. Doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga dünýä derejesinde goýulýan belent hormat edebiýatymyza, medeniýetimize, sungatymyza goýulýan beýik sarpadyr. Ýylyň ady we bu ýylda bolup geçýän şanly wakalaryň ählisi milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy has-da dabaralandyrýar.

Döwürleri baglanyşdyrýan köpri

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi bu gadymy topragyň baý taryhyna uly sarpadan nyşandyr. Şeýle abraýly derejäni göterýän Änew şäheri bu gün dünýäniň nazaryny özüne gönükdirýär. Şu mynasybetli ýylyň dowamynda guraljak çärelere badalga beren dabaranyň geçirilen günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegi bolsa bu topragyň şöhratly taryhyny beýan edýän ygtybarly maglumatlary has içgin öwrenmäge, bu ýerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan täsin tapyndylaryň ähmiýetine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Kitapda Änew medeniýetiniň mirasdüşeri bolan bu künjegi täze taryhy döwrüň ruhuna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan belent maksatly işler barada-da söhbet edilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi badalga alýar

Berkarar döwletimizde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu çäre beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Arkadag şäheriniň döredilmeginiň birinji ýyllygyna bagyşlanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan, döwlet ähmiýetli şäher diýlen özboluşly derejä eýe bolan Arkadag şäheriniň taryhy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunyndan başlandy.

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar!

Kitap bereni unutma!

Gündogarda: «Saňa kitap sowgat bereni hergiz unutmagyn! Çünki ol iň gowy, iň gymmat sowgady beren adamdyr» diýilýär. Kitap beren saňa dünýe baýlygyny — akyly, erki, ylmy, bilimi, ukyp-başarnygy, ajaýyp maksatlary we olara barýan ýol-ugry, bagty bagyş eden adam hasaplanylýar. Munuň şeýledigine halypamyz, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan «Dünýä akyldary — türkmen danasy» atly kitabyny sowgat berende nobatdaky gezek göz ýetirdik. Çünki täze kitap Magtymguly atamyz, onuň dür däneleri ýaly lowurdap duran şygyrlary dogrusynda makalalar, goşgulardyr hekaýalar ýazmagy maksat edinen döredijilik adamlary üçin aýratyn gymmatly. Metbugatda zähmet çeken uzak ýyllarynyň dowamynda Döwrangeldi aga Magtymguly Pyragy we onuň döredijiligi barada yzygiderli çykyş edip, onlarça makaladyr goşgular ýazyp, halk köpçüligine ýetirdi. Onsoň, şol eserleriniň iň saýlamalaryny bir kitaba jemläp, şanly ýyl mynasybetli özboluşly goşant goşmagy, il-ulsa sowgat etmegi maksat edinipdir. Netijede, Magtymguly atamyza bagyşlanan ýene bir kitap elimize gowuşdy. Hakykatdan hem, Türki medeniýetiň halkara guramasy — TÜRKSOÝ-nyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, akyldar şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we

Medeniýet — milletiň döredijilik kuwwaty

Ynsanyň ýüregi hem aňy elmydama ruhy güýç bilen iýmitlenýär. Ruhy güýç bilen ýaşaýar, döredýär, şol güýç bilen arzuw-hyýallaryny, maksatlaryny myradyna gowşurýar. Ol ruhy güýç bolsa milletiň medeniýetinden iýmitlenýär. Berkarar döwletimizde ata-babalarymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde sarpalanyp, olary il içinde wagyz edip, geljekki nesillere miras galdyrmak işleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistan döwletimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen medeni-ruhy başlangyçlary halkara bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy biziň üçin buýsançlydyr. Medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmäge, raýatlarymyzyň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam berýär. «Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge we döredijilik işgärleriniň işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berýäris. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!» diýmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetiniň juda ýokarydygyny nygtaýar.

Kalby owazly mugallym

Talyplyk ýyllarymda her säher okuwa tarap ýola düşenimde, duralga golaý ýerdäki jaýyň açyk penjiresinden şirin aýdymyň owazyny eşidýärdim. Pianinonyň sesine goşulyp ýaňlanýan zenan sesi ýakymlylygy bilen ruhuňy galkyndyryp, göwnüňde täsirli duýgulary oýarýardy. Başymyzdan geçenleri, Bir sen bilýäň, men bilýän.Saçlarymy sypan elleri, Bir sen bilýäň, men bilýän...

Barça güller agaçdandyr

Golaýda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak maksady bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolduk. Saparyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň Magtymguly etrabynda we Gerkez obasynda ýerleşýän muzeýlerine gezelençler we dabaraly çäreler guraldy. Bu çärelerde ýaýbaňlandyrylan sergilerde agaçlardan ýasalan dürli sungat eserleri aýratyn ünsümizi çekdi. Senetkäriň «diňe gül döredýän ýüreginden» önen eserlerini synlap ýörşüme öz ýanymdan: «Barça güller agaçdandyr» diýip, hiňlenenimi-de bilmän galypdyryn. Gazetimiziň bu sanynda şol eserleri döreden Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, çeper döredijiligiň halk ussasy Maksat Şyhyýew bilen bolan täsirli söhbedimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Maksat aga, aslynda, neçjarçylyk — agaç ussaçylygy bilen halkymyz örän irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. Söhbedimiziň başynda bu sungatyň özboluşlylygy, aýratynlyklary barada gürrüň beräýseňiz?!

Baýram bu gün, toý bu gün!

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň çäklerinde sungatyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän çäreler, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça maslahatlar hem duşuşyklar geçirilýär. Bu hepdeligiň şu ýyl ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn buýsançlydyr. Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, iň kämil tehnologiýalary ulanmak arkaly «akylly şäher» maksatnamasyna laýyklykda guruldy. Bu gün Arkadag şäheriniň dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň ýokary sylaglaryna eýe bolmagy bu ajaýyp şäheriň ekologiki we şäher gurluşygy, binagärçiligi hem-de kämil ýaşaýşy üpjün etmek boýunça halkara talaplaryna doly laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaşamaga, işlemäge ýokary şertler döredilen Arkadag şäherinde medeni çäreleri geçirmek üçin hem ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen açylmagy göz öňünde tutulýar. Soňra açylyşda medeniýet, sungat ussatlarymyzyň baýramç

Beýtseňem bolýarmy?..

(Bolan waka) Bu waka dynç alyş möwsüminde çagalarymyzyň özelenip, «Eje, mamamlara gidäýeli!» diýýän haýyşlaryny bitirmek niýeti bilen ejemlere sary ýola düşen günlerimiziň birinde bolup geçdi. Tomus paslynyň ir säheri, arassa howa, belentden-belent kaşaň jaýlar bag-bakjalar bilen sazlaşyp, göwnüňi göterýärdi. Daş-töweregi synlap, tebigaty aýawly, arassa saklamak barada çagalarymyza öwüt-ündew berip barýardyk. Birdenem öňümizden barýan awtoulagyň sürüjisi aýnasyndan içi boş gaply zibili şemalyň ugruna zyňyp goýberdi.

Kalp joşgunynyň baýramy

Ilhalar başlangyçlar halkyň goldawyna eýe bolup, durmuş ýörelgesine, asylly däbe öwrülýär gidiberýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilip başlanan Medeniýet hepdeligini buýsanç bilen mysal getirip bileris. 2013-nji ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda ilkinji gezek Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülipdi. Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan gelen edebiýat, sungat wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen hepdelik ýatdan çykmajak wakalara beslendi. 2014-nji ýylda bu medeni çäre gadymy Daşoguzy toýhana öwren bolsa, şondan soňky ýyl myhmanlary Mary topragy kabul edipdi. Şondan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kalp gözelliginiň baýramy — Medeniýet hepdeligi ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde hem-de Aşgabat şäherinde nobatma-nobat geçirilip gelindi. Bu ýyl bolsa Medeniýet hepdeliginiň öwüşgini has-da üýtgeşik bolar. Sebäbi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Medeniýet hepdeligi Milli Liderimiziň paýhasyndan dörän Arkadag şäherinde uly şatlyk-şowhuna beslenip geçiriler. Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny geljek nesillere geçirmekde Medeniýet hepdeliginiň aýratyn ähmiýeti we çuňňur many-mazmuny bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan bu asylly däp giň möçberli medeni çärä öwrüldi. Oňa diňe bir öz ýurdumyzyň döredijilik toparlary we meşhur ýerine ýetirijiler däl, eýsem

Gözelligiň göwher gaşy

Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmündäki orny barha giňedi. Ylaýta-da, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz aladalary, döredijilik zehini, binagärlik paýhasy bilen soňky 15-16 ýylyň dowamynda Aşgabadyň şähergurluşyk pudagy görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi. Ak mermer bilen örtülen ýüzlerçe ymaratlar tapgyr-tapgyr bina edildi. Paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň onlarçasynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa her birimizi buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna goşmak barada uly işleri amala aşyrýar. Muňa Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Munuň özi Aşgabadyň dünýäniň iň kuwwatly, ösen we gözel paýtagtlarynyň birine öwrülýändigini subut edýär. Aşgabat häzirki zaman şertlerinde ileri tutulýan ekologiýa, peýzaž dizaýny we häzirki zaman ösen binalaryň içki we daşky dizaýn binagärligi babatynda-da sebit paýtagtlarynyň arasynda öňdäki hatarda durýar. Şäherimiz soňky ýyllarda gür baglygyň, seýilgähli bossanlygyň mekanyna öwrüldi. 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly beren goldawy

Ussatlaryň sarpasy

Aýdym-saz — köňülleriň çapary. Şirin owaza maýyl ynsan ony ýerine ýetirýäniň haýsy halkyň wekilidigi barada pikir hem edenok. Esasy zat, sungatyň ýürekden orun almagy. Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa we Medeniýet Şahberdiýewa hem ajaýyp sungaty bilen ýüreklerden orun alan ussatlardyr. Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» Moskwa halkara sungat festiwalynyň meşhur opera aýdymçylarymyzyň hormatyna ýörite baýraklary döretmekleri hem muňa şaýatlyk edýär. Şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçiriljek Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa halkara sungat festiwalynyň jemleýji konsertinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda Nury Halmämmedowyň wokal eserlerini iň gowy ýerine ýetirijä Medeniýet Şahberdiýewanyň adyny göterýän baýrak gowşurylar. Maýa Kulyýewanyň hormatyna döredilen baýraga bolsa milli-medeni däp-dessurlara esaslanýan kamera eserini iň gowy ýerine ýetiren gatnaşyjy mynasyp bolar. Festiwalyň guramaçylary bu baýraklaryň ýylda birini gowşurmagy maksat edinýär.

Bedirkentli kompozitor

2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Şadrin adyndaky döwlet pedagogik uniwersitetini tamamlap, Görogly etrabynyň 31-nji orta mekdebinde zähmet ýoluma başladym. Şonda öz zähmet ýolumyň milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan alym kompozitor Rejep Allaýarowyň ilkinji işlän mekdebinden başlanandygyna buýsanjym artdy. Rejep Allaýarow 1936-njy ýylda Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda eneden dogulýar. 1953-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, şol döwürde Daşoguz şäherinde ýerleşen mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Saz bilen bolsa ol özbaşdak meşgullanyp başlaýar. Fortepiano çalmagy, nota sowadyny öwrenýär. Ol 1957-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlap, 31-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. Durmuşy aýdym-sazsyz göz öňüne getirip bilmedik ýaş ýigit bir ýyldan soň bu ugurdan ýörite bilim almaly diýen pikire eýerýär. Şeýlelikde, 1958-nji ýylda ol Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Horuň dirižýory» bölümine okuwa girýär. Bu ýerde oňa ussat kompozitor Ata Esadow halypalyk edýär. Birinji ýylynda ol ilkinji eserini — fortepiano üçin pýesany ýazýar. Şondan soň iki bölümde — hor dirižýory we sazyň taryhy-nazaryýeti bölümlerinde okuwyny dowam etdirýär.