Medeniýet — dostluk köprüsi

23 Iýun 2024
1110

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­riniň baş­lan­gy­jy bi­len in­di en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri her ýyl­da ýur­du­my­zyň bir se­bi­tin­de Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bol­sa bu uly baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry il­kin­ji ge­zek hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň gol çe­ken de­giş­li Ka­ra­ry bi­len, 2024-nji ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Arka­dag şä­he­rin­de Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni ge­çir­mek bel­le­nil­di. Hä­zir­ki wagt­da bu da­ba­ra­lar gu­ra­ma­çy­lyk­ly ba­dal­ga alyp, Arkadag şä­he­ri­niň dür­li ýer­le­rin­de ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de do­wam ed­ýär. Her ýyl­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi eziz Di­ýa­ry­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp gu­ral­ýar hem-de tä­ze ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak bi­len dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dy­r­ma­ga bolan hö­wesini artdyrýar. Il­kin­ji ge­zek bu çä­re Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, 2013-nji ýyl­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­di. Şol wagt­dan bä­ri Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­zy­na­sy­na ägirt uly go­şant go­şan türk­men­le­riň örän baý mi­ra­sy­nyň köp öwüş­gin­li­li­gi­ni açyp gör­kez­ýär.

Eziz BE­GEN­JOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let gümrük gullugy­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gümrükhana­sy­nyň har­by gul­luk­çy­sy, uly leý­te­nant