«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024
Ýakynda Ýaponiýa döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu medeni dabaralara köpsanly görnükli medeniýet we sungat işgärleri bilen birlikde bagtyýar türkmen ýaşlary gatnaşdylar. Ýaş ýerine ýetirijileriň hatarynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň bolmagy bu syýasy-medeni çäräniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Ýaşlar dabaralarda we birnäçe duşuşyklarda, maslahatlarda çykyş etdiler. Bu iş saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen-ýapon gatnaşyklary babatdaky tagallalaryna aýratyn üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň iki halkyň dostlukly hyzmatdaşlygyna berýän belent bahasy onuň ýazan işlerinde giňden şöhlelenýär. Her bir gatnaşyjyda ýatdan çykmajak duýgulary galdyran şu sapar bilen baglanyşykly Alym Arkadagymyzyň eserlerinde Günüň dogýan ülkesi baradaky ýakymly ýatlamalary paýlaşmagy müwessa bildik.