Aýdym-saz — köňülleriň çapary. Şirin owaza maýyl ynsan ony ýerine ýetirýäniň haýsy halkyň wekilidigi barada pikir hem edenok. Esasy zat, sungatyň ýürekden orun almagy. Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa we Medeniýet Şahberdiýewa hem ajaýyp sungaty bilen ýüreklerden orun alan ussatlardyr. Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» Moskwa halkara sungat festiwalynyň meşhur opera aýdymçylarymyzyň hormatyna ýörite baýraklary döretmekleri hem muňa şaýatlyk edýär.
Şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçiriljek Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa halkara sungat festiwalynyň jemleýji konsertinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda Nury Halmämmedowyň wokal eserlerini iň gowy ýerine ýetirijä Medeniýet Şahberdiýewanyň adyny göterýän baýrak gowşurylar. Maýa Kulyýewanyň hormatyna döredilen baýraga bolsa milli-medeni däp-dessurlara esaslanýan kamera eserini iň gowy ýerine ýetiren gatnaşyjy mynasyp bolar. Festiwalyň guramaçylary bu baýraklaryň ýylda birini gowşurmagy maksat edinýär.