Barça güller agaçdandyr

21 Iýun 2024
842

Golaýda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak maksady bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolduk. Saparyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň Magtymguly etrabynda we Gerkez obasynda ýerleşýän muzeýlerine gezelençler we dabaraly çäreler guraldy. Bu çärelerde ýaýbaňlandyrylan sergilerde agaçlardan ýasalan dürli sungat eserleri aýratyn ünsümizi çekdi. Senetkäriň «diňe gül döredýän ýüreginden» önen eserlerini synlap ýörşüme öz ýanymdan: «Barça güller agaçdandyr» diýip, hiňlenenimi-de bilmän galypdyryn. Gazetimiziň bu sanynda şol eserleri döreden Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, çeper döredijiligiň halk ussasy Maksat Şyhyýew bilen bolan täsirli söhbedimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

— Maksat aga, aslynda, neçjarçylyk — agaç ussaçylygy bilen halkymyz örän irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. Söhbedimiziň başynda bu sungatyň özboluşlylygy, aýratynlyklary barada gürrüň beräýseňiz?!

Söhbetdeş bolan Muhammetnur MAHTUMOW,
«Nesil».