Hoş geldiň, köňül baýramy!

22 Iýun 2024
731

Biz oňa hemişekimiz ýaly garaşdyk. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu köňül toýumyzda buýsanç bilen aýdara, guwanyp söhbet edere zat diýseň kän.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi öňkülerden has üýtgeşik geldi. Ilki bilen, munuň özi ýylymyzyň ady bilen sazlaşykly ýaňlanýar. Doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga dünýä derejesinde goýulýan belent hormat edebiýatymyza, medeniýetimize, sungatymyza goýulýan beýik sarpadyr. Ýylyň ady we bu ýylda bolup geçýän şanly wakalaryň ählisi milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy has-da dabaralandyrýar.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».