Ynsanyň ýüregi hem aňy elmydama ruhy güýç bilen iýmitlenýär. Ruhy güýç bilen ýaşaýar, döredýär, şol güýç bilen arzuw-hyýallaryny, maksatlaryny myradyna gowşurýar. Ol ruhy güýç bolsa milletiň medeniýetinden iýmitlenýär. Berkarar döwletimizde ata-babalarymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde sarpalanyp, olary il içinde wagyz edip, geljekki nesillere miras galdyrmak işleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistan döwletimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen medeni-ruhy başlangyçlary halkara bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy biziň üçin buýsançlydyr. Medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmäge, raýatlarymyzyň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam berýär. «Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge we döredijilik işgärleriniň işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berýäris. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!» diýmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetiniň juda ýokarydygyny nygtaýar.