"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Medeniýetiň, sungatyň baýramy

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uludan baýram edilýär. Şanly sene mynasybetli toý-dabaralar, medeni çäreler geçirilýär. Irden Türkmenabat şäheriniň «Ýedigen» seýilgähi has-da köpadamly boldy. Bu ýerde welaýat, şäher häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, şäheriň köpsanly ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuşlyk çäresi geçirildi. Ildeşlerimiz dana şahyryň heýkeliniň öňüne ter gül desselerini goýup, hormat bilen baş egdiler.

Täze döwrüň ösüşleri bilen sazlaşykly gadam urup

«Medeniýet hepdeligi — 2024»: bäşinji gün Arkadag şäheri, 26-njy iýun (TDH). Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dowam etdi. Bu ýerde “Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat we neşir önümleriniň sergisi guraldy. Maslahata medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, mugallymlardyr talyplar, žurnalistler gatnaşdylar.

«Medeniýet hepdeligi — 2024»: bäşinji gün

Düýn Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dowam etdi. Bu ýerde “Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat we neşir önümleriniň sergisi guraldy. Maslahata medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, mugallymlardyr talyplar, žurnalistler gatnaşdylar. Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynda dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşdy. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu mirasy dikeltmek bilen, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, ösdürmek we wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigi kitaphananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan neşir önümleriniň sergisinde hem aýdyň beýanyny tapdy. Sergide akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň durmuşy, döredijiligi barada ýazylan ylmy-köpçülikleýin neşirler görkezildi. Söz ussadynyň eserleriniň dünýäniň ähli künjeklerinde seslenme döretmegi oňa goýulýan ägirt uly hormatyň nyşanydyr. Şahyryň hiç haçan gymmatyny ýitirmejek şygyrlary daşary ýurt dillerine terjime edildi. Şeýle hem sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna aýratyn orun berlipdir.

Täze döwrüň ösüşleri bilen sazlaşykly gadam urup

«Medeniýet hepdeligi — 2024»: bäşinji gün Arkadag şäheri, 26-njy iýun (TDH). Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dowam etdi. Bu ýerde “Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat we neşir önümleriniň sergisi guraldy. Maslahata medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, mugallymlardyr talyplar, žurnalistler gatnaşdylar.

«PARAHATLYK SUNGAT BILEN GÜL AÇAR...»

Ýyllarboýy çekilen irginsiz zähmet, yhlasly döredijilik gözlegleri ony mertebeli menzillere ýetirdi, onuň ismi-ady käri-sungaty bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Onuň Garaşsyzlygymyz bilen ýaşyt, şondan görk alan sungaty milli sungatyň hakyky jemaly bolup, ýüreklerde hemişelik ýer etdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýylynda açylan «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans toparynyň çykyşlaryna bütin dünýäde haýran galmak, uly söýgi bilen el çarpdylar. «Dokmaçylar» özüniň ajaýyp aýdym-sazlary, tanslary bilen bütin dünýäni aýlandy. Bu barada hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda hem bellenilýär: «Onuň 100-den gowrak aýdym-saz we tans eserleri bilen dünýäniň dürli künjeginde: Türkiýe, Gresiýa, Italiýa, Ispaniýa, Malta, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Belgiýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Hytaý, Nepal, Hindistan, Eýran, Pakistan ýaly döwletlerde türkmen sungatynyň daşary ýurtly muşdaklarynyň tüýs ýürekden alkyşlaryny gazanmaklary hem munuň aýdyň güwäsidir». Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygynda «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans topary şirin aýdym-sazlarymyz, joşgunly tanslarymyz bilen birlikde, milli saz gurallarymyzyň, lybaslarymyzyň, owadan şaý-seplerimiziň täsin sazlaşygydyr. Täze merkeziň ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi

Sarpaly senet

Sungata öwrülen gözellik Iliň däbi bihal däl! Gör-ä, halkyň hakydasyna ornan däp-dessurlara heňňam hem kär edip bilmez eken.

Sungat baýramynyň joşguny

22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi mynasybetli teatryň sahnasynda sungat ussatlarynyň we belli döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Konsertde ýurdumyzyň döredijilik toparlary, meşhur aýdymçylar, opera ussatlary, estrada ýyldyzlary, belli tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýygnananlaryň ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylan «Alkyş Size, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly watançylyk aýdymy konsertiň ajaýyp jemlenmesi boldy. Medeni forumyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Älem nury» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň açylyşynyň çäklerindäki dabaralar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň golaýynda ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňäniň, 61 sany altyn teňňäniň bölekleriniň we 8 sany dürli reňkli gymmatlyklaryň tapylandygy aýdy

Medeniýet — milletiň mertebesi

Şu günler ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň şanly dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanýan giň gerimli dabaralar halkymyzyň ruhy hazynasyny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga giň gerimli mümkinçilikleri döredýär. Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli medeniýetimizi ösdürmek we onuň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak babatda uly işler alnyp barylýar. Şunda gözel paýtagtymyz Aşgabatda gurlan Medeniýet şäherçesi we uly sport ýaryşlary bilen halklary has-da ýakynlaşdyrýan Olimpiýa şäherçesi, Arkadag şäheriniň täsinligi, ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi, täze gurlan teatrlardyr muzeýler, täsin seýilgähler we gojaman Hazaryň kenaryndaky akylyňy haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün mähriban halkymyzyň gözel kalbynyň owazyny, dünýägaraýşyny, ruhy baýlygyny özleriniň ajaýyp keşbi, gözelligi, myhmansöýerligi, şanly wakalary bilen äleme äşgär edýär. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýatdyr etrap merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze döwrebap teatrlar, m

Şa serpaýynyň eýeleri

Tahyr HOJAÝEW,Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň halkara habarlar merkeziniň baş redaktory:

Ýaponiýada ýaňlanan owazlar

Golaýda Ýaponiýanyň Tokio we Sukuba şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan medeni çäreler ýapon halkyny türkmen medeniýeti, edebiýaty, sungaty bilen tanyşdyrmakda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, dostana gatnaşyklary jebisleşdirmek ugrunda alyp barýan daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişine goşant goşmakda ähmiýetli wakalara baý boldy. Medeni çäreleriň ýapon paýtagtynda ýerleşýän «Okura Tokyo» myhmanhanasynyň «Orçard» konsert merkezinde geçirilen açylyş dabarasyna, sergä we konserte ýurduň Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriň hem-de beýleki edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň Ýaponiýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, bu ýerde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Munuň özi milli gymmatlyklarymyzyň ýokary kämillik derejesiniň dünýädäki ykrary bolmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň medeni diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. Ýaponiýanyň Medeniýet işleri boýunça agentliginiň baş direktory Hirohira Nakahara, «Min-On» konsertler assosiasiýasynyň prezidenti Koji Ýamaguçi bilen geçirilen duşuşyklarda ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan syýasy gatnaşyklaryň çäklerinde özara düşünişmek arkaly medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri ýüze çykarmak me

Egsilmez hazyna

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, akyldarlarymyzyň we şahyrlarymyzyň edebi döredijiligini ylmy taýdan öwrenmeklige we wagyz etmeklige aýratyn ähmiýet berýärler. Ynha, bu gün hem ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giň dabaralar bilen bellenilýär. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, aýratyn hem, ýaşlar üçin egsilmez hazyna bolup durýar. Dünýäniň ylmy-medeni ösüşine mynasyp goşant goşan beýik türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijiligine bagyşlanyp halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, olaryň ylmy we edebi mirasy halka ýetirilýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe meşhur türkmen alymlary, şahyrlary Mahmyt Kaşgarla, Mahmyt Zamahşara, Abusagyt Abylhaýra, Nejmeddin Kubra, Muhammet Gaýmaz Türkmene, Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçirilen Halkara ylmy maslahatlar hem aýdyň subutnamadyr.

Döwrümiziň galkynyşy ylham joşgunynda

Şu günler ýurdumyzda eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli geçirilip gelinýän Medeniýet hepdeligi uly ruhubelentlige beslenýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, hepdelige welaýatymyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri hem gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hepdeligi ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri kabul etdi. Munuň özi şu gezekki hepdeligiň esasy aýratynlygy hökmünde öňe çykýar. Täze şäheriň döwrebap medeni ojaklarynda geçirilen dabaralara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy aýratyn öwüşgin çaýdy.

Pyragynyň toýy

Pederleriň arzuwyna gowuşyp,Pyragynyň toýun toýlaýas bu gün.Döwre gurap, aýdym aýdyp, degişip,Pyragynyň toýun toýlaýas bu gün. Ýodalary sepläp nurana ýola,Ýetirip goşgulaň ajap ykbala,At-abraý eçilip bagtyýar ile,Pyragynyň toýun toýlaýas bu gün.

Seždegähimiz Pyragy

Bitiren uly işleri iline-gününe, Watanyna, has giň manyda bolsa tutuş adamzada bimöçber peýda getiren şahsyýetleriň birnäçesiniň keremli türkmen topragynda ýaşap, döredip geçendigi örän buýsandyryjydyr. Şeýle ägirtleriň biri-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. XVIII asyr türkmen halkynyň bagt ýyldyzynyň dogan asyrlarynyň biridir. Belli söz ussady Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda dünýä inip, atasyndan edep-terbiýe alan geljekki beýik söz ussady beýleki okuw mekdepleri bilen birlikde şol döwürde meşhur ylym-bilim ojagy bolan gadymy Hywadaky Şirgazy han medresesinde ylmyň çuňluklaryna aralaşýar. Käbesiniň aradan çykandygy zerarly Gerkez iline dolanmaly bolan şahyr bu bilim ojagyna hoşallygyny ajaýyp goşgy setirlerinde şeýle beýan edýär:

Döwrüň belentligine göterilýän sarpa

Medeniýet meselesi Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany bolup işlän ýyllarynda aýratyn üns beren meseleleriniň biri boldy. Hut şeýle bolansoň şol ýyllarda biz medeniýet ulgamynda uly ösüşleri gazandyk, milli we medeni gymmatlyklarymyzy täzeden dikeltdik. Ata-baba dowam edip gelýän halypa-şägirtlik dessury ýörelgelerimiz hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen baý many-mazmuna eýe boldy. Halypalara hormat goýmak däbi — ata-babalarymyzyň sarpalanylan gymmatlyklarynyň biri. Gahryman Arkadagymyz hem bu däbe berk eýermek bilen, halypa-şägirtlik ýörelgesine täzeçe badalga berdi.

Beýik ýeňişleriň owazasy

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek baradaky ylmy taýdan esaslandyrylan beýik taglymatyny ynamly durmuşa ornaşdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň merdana halkymyz bilen amala aşyrýan beýik işleri ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösüşlerini üpjün edýär. Beýleki pudaklar bilen birlikde halkymyzyň ruhy dünýäsini kesgitleýän medeniýet ulgamy hem berkarar Diýarymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Biz muny milli mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we nesillere ýetirmek, köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan köpugurly medeniýetimizi-sungatymyzy we edebiýatymyzy ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan tutumly işlerde, döredilen giň şertlerde görýäris.

Merdana pederlerimiziň mirasy

Medeniýet — milletiň ruhy sütüni, mizemezliginiň kepili. Ynsan ömrüniň dowamynda arkama-arka geçýän miras — bu medeniýetdir! Hut şonuň üçin ol sarpalanýar, goralýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça oňyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik, amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlardaky meseleleri düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalary hem şaýatlyk edýär.

Şowhuny artýan şanly baýram

Medeniýet — bu asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan gymmatlykdyr. Medeniýet — halkyň ruhy baýlygydyr we dost-doganlygyň sakasydyr. Şeýle nukdaýnazardan ugur alýan dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyz Türkmenistanda medeniýet ulgamyna aýratyn uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy ugrunda ägirt uly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hepdeligiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Seýdi köçesiniň ugrunda gurlan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabara medeniýetimiziň kämilleşmegi ugrunda ýadawsyz zähmet çekýän medeniýet we sungat ussatlaryna biziň ýurdumyzda goýulýan sarpanyň näderejede belentdigini şöhlelendirdi. Ýeri gelende bellesek, ençeme ýyldan bäri ýurdumyzda Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans topary hereket edýär. Bu topar diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem millilige ýugrulan aýdym-sazlary, folklor çykyşlary bilen giňden tanalýar. Milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşýan bu toparyň täze binasy sungata höwesli ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýän medeni merkezine öwrüler.

Sungat baýramyndan ýaýraýan ýalkym

Toýdur baýram bir gowulygyň alamaty. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşaýan islendik halk bagtyýarlykdan ýaňa toý toýlamaga höwesekdir. Ýylyň-ýylyna geçirilýän nobatdaky Medeniýet hepdeligi hem nowjuwan Arkadag şäherinde turuwbaşdan ykbalyny sungat ýoluna bagyşlan döredijilik işgärlerini bir supranyň başyna jemledi. 22-nji iýunda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyşynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň buýsançly sözlerinden kalplary joşa gelen ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri yzysüre özleriniň baýramçylyk konsertine başladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzyň goýnunda ýaşaýan türkmen halky üçin durmuşa geçirýän beýik tutumlarynyň waspy, ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda belentden ýaňlandy. Hususan-da, pederlerimizden bize miras galan milli däp-dessurlarymyz sahna çykyşlarynda ýaýbaňlandyryldy. Megerem, halkymyzyň: «Toýuň toý şekilli bolsun!» diýen aýtgysy, ýönelige aýdylan däl bolsa gerek. Esasan, hepdeligiň dowamynda muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty we amaly-haşam sungatynyň sergisi, ýurdumyzyň şahyrlarynyň şygryýet agşamy, žurnalistleriň we döredijilik işgärleriniň dabaraly maslahaty, ylmy-usulyýet okuwy, teleradio žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Magtymguly — umumadamzat şahyr

Serhetçiniň suratkeş gyzy

Dünýäde şeýle bir kespler bolýar welin, sen hünäri däl, hünäriň özi seni saýlaýar. Jennet Annamedowanyňky hem şeýle boldy. Serhetçiniň perzendi bolany üçin mukaddes araçägimiziň gözelliklerinden gözleri ganyp ulalan gyzjagaz sungatyň ýazylmadyk kitabyny has ir okady, dersinem mugallymy bilen birlikde, tebigatyň özi bilen özleşdirdi. Mukaddes Watanymyzyň gözbaş alýan ýerleri bolan dost-doganlyk araçäklerimiziň tebigy we taryhy ýadygärliklerini synlap, ol ýeriň baý haýwanat dünýäsini çaga ýüreginde ezizläp gezýän gyzjagaz öz-özüňi, il-ýurduňy söýmegiň hem, ilki bilen, ajaýyp tebigatymyza düşünmekden, ony söýmekden we gorap saklamakdan başlanýandygyna ynandy. Bir gezegem heniz mekdebiň gapysyndan barmanka gojaman daglara bahary buşlap gelen kebelekleriň gülleriň daşyndan perwaz urşuna öýkünip ylgaşlap barşyna ejesine şol gülleridir kebelejikleri serhet galadaky öýlerine alyp gitmegi teklip edipdi. Şonda mähriban käbesi Arzygül gelneje olaryň öýüniň tebigat gözelliklerine meňzeýändigini, eger-de Jennet islese ol suratlary öz otagyndan asyp goýsa boljakdygyny aýdanda gyzjagaz şeýle bir begenipdi. Hut şol günden soň hem eljagazyna alan reňkli galamlarydyr akja kagyzjygyny ähli zatdan eý gören gyzjagaz okuwçy bolandan soň hem wagt tapyndygy suratyna gümra bolardy. Gyzynyň sungata yhlasyny gören kakasy hem bir gün onuň eljagazyndan tutup, etrapdaky Çagalar sungat mekdebiniň nakgaş bö