«PARAHATLYK SUNGAT BILEN GÜL AÇAR...»

27 Iýun 2024
640

Ýyllarboýy çekilen irginsiz zähmet, yhlasly döredijilik gözlegleri ony mertebeli menzillere ýetirdi, onuň ismi-ady käri-sungaty bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Onuň Garaşsyzlygymyz bilen ýaşyt, şondan görk alan sungaty milli sungatyň hakyky jemaly bolup, ýüreklerde hemişelik ýer etdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýylynda açylan «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans toparynyň çykyşlaryna bütin dünýäde haýran galmak, uly söýgi bilen el çarpdylar. «Dokmaçylar» özüniň ajaýyp aýdym-sazlary, tanslary bilen bütin dünýäni aýlandy. Bu barada hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda hem bellenilýär: «Onuň 100-den gowrak aýdym-saz we tans eserleri bilen dünýäniň dürli künjeginde: Türkiýe, Gresiýa, Italiýa, Ispaniýa, Malta, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Belgiýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Hytaý, Nepal, Hindistan, Eýran, Pakistan ýaly döwletlerde türkmen sungatynyň daşary ýurtly muşdaklarynyň tüýs ýürekden alkyşlaryny gazanmaklary hem munuň aýdyň güwäsidir».

Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygynda «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans topary şirin aýdym-sazlarymyz, joşgunly tanslarymyz bilen birlikde, milli saz gurallarymyzyň, lybaslarymyzyň, owadan şaý-seplerimiziň täsin sazlaşygydyr. Täze merkeziň ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli dowam edýän günlerinde açylmagy sungat muşdaklarynda, ähli halkymyzda aýratyn ýakymly duýgulary döretdi. Bu barada toparyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa öz ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşanda, şeýle gürrüň berdi:

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.