Sungat baýramyndan ýaýraýan ýalkym

26 Iýun 2024
518

Toýdur baýram bir gowulygyň alamaty. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşaýan islendik halk bagtyýarlykdan ýaňa toý toýlamaga höwesekdir.

Ýylyň-ýylyna geçirilýän nobatdaky Medeniýet hepdeligi hem nowjuwan Arkadag şäherinde turuwbaşdan ykbalyny sungat ýoluna bagyşlan döredijilik işgärlerini bir supranyň başyna jemledi. 22-nji iýunda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyşynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň buýsançly sözlerinden kalplary joşa gelen ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri yzysüre özleriniň baýramçylyk konsertine başladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzyň goýnunda ýaşaýan türkmen halky üçin durmuşa geçirýän beýik tutumlarynyň waspy, ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda belentden ýaňlandy. Hususan-da, pederlerimizden bize miras galan milli däp-dessurlarymyz sahna çykyşlarynda ýaýbaňlandyryldy. Megerem, halkymyzyň: «Toýuň toý şekilli bolsun!» diýen aýtgysy, ýönelige aýdylan däl bolsa gerek. Esasan, hepdeligiň dowamynda muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty we amaly-haşam sungatynyň sergisi, ýurdumyzyň şahyrlarynyň şygryýet agşamy, žurnalistleriň we döredijilik işgärleriniň dabaraly maslahaty, ylmy-usulyýet okuwy, teleradio žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Magtymguly — umumadamzat şahyry» atly brifingi, neşir önümleriniň sergisi, kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy diýjekmi... garaz, ykbalyny sungata bagyşlan ykballaryň eserlerini görmek, olaryň çykyşlaryny diňlemek ýaly ajaýyplyklar ýakymly täsirleri galdyrmak bilen, sungat baýramyndan ýaýraýan ýalkym bolup, oňa gatnaşanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Geçirilen duşuşyklaryň aglabasy, turuwbaşdan beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy we onuň ajaýyp şygyr dünýäsi bilen baglanyşykly boldy. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişine tomaşa etdiler. Teatr işgärleriniň hepdelige taýýarlan bu ajaýyp sowgady aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki «Görogly» atly teatrlaşdyrylan sirk tomaşasy hem ilkinji gezek görkezilmek bilen, ýokarda aýdanlarymyzy ýene bir gezek tassyklady.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».