«Medeniýet hepdeligi — 2024»: bäşinji gün

27 Iýun 2024
665

Düýn Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dowam etdi. Bu ýerde “Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat we neşir önümleriniň sergisi guraldy. Maslahata medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, mugallymlardyr talyplar, žurnalistler gatnaşdylar.

Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynda dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşdy. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu mirasy dikeltmek bilen, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, ösdürmek we wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigi kitaphananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan neşir önümleriniň sergisinde hem aýdyň beýanyny tapdy. Sergide akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň durmuşy, döredijiligi barada ýazylan ylmy-köpçülikleýin neşirler görkezildi. Söz ussadynyň eserleriniň dünýäniň ähli künjeklerinde seslenme döretmegi oňa goýulýan ägirt uly hormatyň nyşanydyr. Şahyryň hiç haçan gymmatyny ýitirmejek şygyrlary daşary ýurt dillerine terjime edildi. Şeýle hem sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna aýratyn orun berlipdir.