Serhetçiniň suratkeş gyzy

26 Iýun 2024
549

Dünýäde şeýle bir kespler bolýar welin, sen hünäri däl, hünäriň özi seni saýlaýar. Jennet Annamedowanyňky hem şeýle boldy. Serhetçiniň perzendi bolany üçin mukaddes araçägimiziň gözelliklerinden gözleri ganyp ulalan gyzjagaz sungatyň ýazylmadyk kitabyny has ir okady, dersinem mugallymy bilen birlikde, tebigatyň özi bilen özleşdirdi. Mukaddes Watanymyzyň gözbaş alýan ýerleri bolan dost-doganlyk araçäklerimiziň tebigy we taryhy ýadygärliklerini synlap, ol ýeriň baý haýwanat dünýäsini çaga ýüreginde ezizläp gezýän gyzjagaz öz-özüňi, il-ýurduňy söýmegiň hem, ilki bilen, ajaýyp tebigatymyza düşünmekden, ony söýmekden we gorap saklamakdan başlanýandygyna ynandy. Bir gezegem heniz mekdebiň gapysyndan barmanka gojaman daglara bahary buşlap gelen kebelekleriň gülleriň daşyndan perwaz urşuna öýkünip ylgaşlap barşyna ejesine şol gülleridir kebelejikleri serhet galadaky öýlerine alyp gitmegi teklip edipdi. Şonda mähriban käbesi Arzygül gelneje olaryň öýüniň tebigat gözelliklerine meňzeýändigini, eger-de Jennet islese ol suratlary öz otagyndan asyp goýsa boljakdygyny aýdanda gyzjagaz şeýle bir begenipdi. Hut şol günden soň hem eljagazyna alan reňkli galamlarydyr akja kagyzjygyny ähli zatdan eý gören gyzjagaz okuwçy bolandan soň hem wagt tapyndygy suratyna gümra bolardy.

Gyzynyň sungata yhlasyny gören kakasy hem bir gün onuň eljagazyndan tutup, etrapdaky Çagalar sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň gapysyna getirdi. Turuwbaşdan erjelligi, sungata höwesi, galyberse-de, hyýallaryny ak kagyza arkaýyn geçirip bilmegi başarýan, tebigatyň her bir pursadyny hakykata laýyk suratlandyryp bilýän Jennediň yhlasyna, zehinine mugallymy Ogulgül Amandurdyýewanyň hem syny oturdy. Bir gezek gyzjagaz öz mugallymyna: «Eger kakam serhetçi bolmadyk bolsa, men hem bu daglaryň ýazyny görmedik bolsam, belki, suratkeş bolmagy arzuw etmezdim» diýipdir. Şeýlekin jümlesinden soň mugallymy öz okuwçysynyň bu hünäre bolan yhlasynyň has aňyrdandygyna göz ýetiripdir. Hut şonuň üçin hem geljegine uly umyt baglaýan okuwçylarynyň biri hökmünde oňa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigine gatnaşmagy teklip edipdi. Bütin ýurdumyzyň sungata sarpaly, nakgaşçylyga yhlasly körpelerini özünde jemlän bu bäsleşikde Jennediň ene topragymyzy, Watanymyzyň, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny wasp edip çeken suratlary onuň adyny ýeňijileriň hataryna goşdurýar. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgady we Hormat haty bilen sylaglanan suratkeş gyzjagaz geljekde öz üstünde has köp işläp, kämilleşip, Watanymyzyň waspyny dünýä ýaýýan suratkeşleriň biri bolmagy arzuw edýär.

Allanazar MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, maýor.