Ýaponiýada ýaňlanan owazlar

26 Iýun 2024
525

Golaýda Ýaponiýanyň Tokio we Sukuba şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan medeni çäreler ýapon halkyny türkmen medeniýeti, edebiýaty, sungaty bilen tanyşdyrmakda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, dostana gatnaşyklary jebisleşdirmek ugrunda alyp barýan daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişine goşant goşmakda ähmiýetli wakalara baý boldy. Medeni çäreleriň ýapon paýtagtynda ýerleşýän «Okura Tokyo» myhmanhanasynyň «Orçard» konsert merkezinde geçirilen açylyş dabarasyna, sergä we konserte ýurduň Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriň hem-de beýleki edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň Ýaponiýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, bu ýerde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Munuň özi milli gymmatlyklarymyzyň ýokary kämillik derejesiniň dünýädäki ykrary bolmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň medeni diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy.

Ýaponiýanyň Medeniýet işleri boýunça agentliginiň baş direktory Hirohira Nakahara, «Min-On» konsertler assosiasiýasynyň prezidenti Koji Ýamaguçi bilen geçirilen duşuşyklarda ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan syýasy gatnaşyklaryň çäklerinde özara düşünişmek arkaly medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri ýüze çykarmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap Koji Ýamaguçi bu barada söz açyp, Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan medeni çäreleri geçirmek üçin uly topary özünde jemleýän wekiliýetiň gelmeginiň hem-de olaryň konsertler assosiasiýasynda bolmaklarynyň özleri üçin guwandyryjy ýagdaýdygyny nygtady.

Ysmaýyl TAGAN.