Seždegähimiz Pyragy

26 Iýun 2024
204

Bitiren uly işleri iline-gününe, Watanyna, has giň manyda bolsa tutuş adamzada bimöçber peýda getiren şahsyýetleriň birnäçesiniň keremli türkmen topragynda ýaşap, döredip geçendigi örän buýsandyryjydyr. Şeýle ägirtleriň biri-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr.

XVIII asyr türkmen halkynyň bagt ýyldyzynyň dogan asyrlarynyň biridir. Belli söz ussady Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda dünýä inip, atasyndan edep-terbiýe alan geljekki beýik söz ussady beýleki okuw mekdepleri bilen birlikde şol döwürde meşhur ylym-bilim ojagy bolan gadymy Hywadaky Şirgazy han medresesinde ylmyň çuňluklaryna aralaşýar. Käbesiniň aradan çykandygy zerarly Gerkez iline dolanmaly bolan şahyr bu bilim ojagyna hoşallygyny ajaýyp goşgy setirlerinde şeýle beýan edýär:

Setdar HAÝDAROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.