"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beýik ösüşlere belent maksatlar

Babadaýhan etrabyndaky 23-nji orta mekdepde “Türkmenistanyň Halk Maslahaty: beýik ösüşlere belent maksatlar” ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen çäräni ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilen beýik maksatly işleriň amala aşyrylýandygyny, bu hakykata Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çuň manyly çykyşlarynyň hem aýdyň şaýatlyk edýändigini bellediler.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Dilleriň, köňülleriň senasy — Magtymguly Pyragy TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda «Dilleriň, köňülleriň senasy — Magtymguly Pyragy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir

TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň, welaýat baş bilim müdirliginiň, şäherdäki 6-njy orta mekdebiň bilelikde guramagynda «Ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, bilim ulgamynyň we ýaşuly nesliň wekileri, şäherdäki 6-njy, 10-njy, 16-njy orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Annagözel Saryýewa, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň şäher geňeşiniň başlygy Şöhratgözel Amansähedowa, şäherdäki 6-njy orta mekdebiň müdiri Oguljan Çaryýewa çykyş etdiler. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ýaş nesilleri hakynda aýratyn alada edilýändigi, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe alyp, geljekde Watanymyza, il-günümize gerekli kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda tagallalaryň edilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli TDP-niň welaýat komitetiniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Daşoguz şäher hassahanasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda «Sagdyn jemgyýet – sagdyn döwlet» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Welaýat köpugurly hassahanasynyň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat çäresine öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärleri, lukmanlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada buýsançly belläp geçdiler.

Mahatma Gandiniň doglan gününiň 155 ýyllygy

Düýn 2-nji oktýabrda paýtagtymyzyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Mahatma Gandiniň doglan güniniň 155 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu geçirilen çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, BMG-niň Türkmenistandaky sebitleýin utgaşdyryjysynyň wekili şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, institutyň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we myhmanlar gatnaşdylar.

Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlandy

Golaýda TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda «Hormatly ýaşulularymyz türkmen ýaşlary üçin mukaddes mekdepdir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Toý mekany medeni-dynç alyş merkezinde guralan dabara etrabyň mährem eneleriniň, aksakgal ýaşulularynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Aýdym-sazly çäräniň başy etrap Medeniýet öýüniň şirin owazly bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde ussat şahyr Magtymguly Myşşyýewiň «Garrylar gerek» şygryna döredilen ady bir aýdym diňlendi. Türkmen ýaşulularynyň parasatlylygyny, agraslygyny hem-de mähribanlygyny hyýallarda janlandyrýan bu ajaýyp aýdym dabara özboluşly öwüşgin çaýyp, oňa gatnaşyjylaryň göwünlerini göge göterdi. Soňra Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäresi many-maňyzly çykyşlar bilen utgaşdy. Olarda hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda amal edilýän beýik işler, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşulularymyzyň sarpasyny belentde tutuşy joşgunly kelamlaryň çelgisine öwrüldi.

«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy

«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar. Täze neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, 1 müň 418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.

«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy

«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar. Täze neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, 1 müň 418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.

«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy

«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar. Täze neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, 1 müň 418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.

«Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr»

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan, şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, naz-nygmatlardan ybarat sowgatlar gowşuryldy. Kalplary bagtdan püre-pür bagtyýar çagalar ajaýyp sowgatlary uly şatlyk, hoşallyk bilen kabul etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatlylyga ýugrulan, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza esaslanýan howandarlyk, bir-birege kömek-goldaw bermek, duýgudaşlyk bildirmek, begendirmek, durmuşa höweslendirmek ýaly asylly ýörelgeleri has-da rowaçlanýar. Hut şonuň netijesinde, bagtly çagalygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda, şeýle hem goňşy döwletlerde türkmen sahawaty we howandarlygy müňlerçe çagalaryň bagtyýarlygyny, durmuş taýdan goraglylygyny, nurana, ýagty geljege bolan ynamlaryny artdyrmagyny dowam etdirýär. Çagalara sahawatlylyk bilen dürli nygmatlaryň paýlanylmagy sogap iş bolup, bu ýörelge türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan durmuş pelsepesidir.

Buýsanç baýdakdan başlanýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň ähli ýerinde uludan bellenilip geçildi. «Akylly» şäherde baýramçylyk dabarasy saba säher bilen Arkadag şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda ýaşyl tugumyzyň asmana galdyrylmagy bilen başlandy. Bu baýramçylyk çäresine ak sakgally ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, «akylly» şäherde zähmet çekýän ildeşlerimiz hem-de mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.

«Ýurdumda adamzada beýik geljek görünýär»

Öňňin Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda «Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi we Milli Liderimiziň ylhamy — döwletliligiň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi. Oňa ýolbaşçy düzümleri, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Gahrymanlary, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, bilim işgärleri we ýaşlar gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanşyp, diwarlyklarda görkezilen gymmatly döredijilik eserlerini synladylar. Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi. Maslahatda her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara gününiň bellenilýändigi aýdylyp, ajaýyp baýram bilen Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzy, ýaşululary mähirli gutladylar.

Parahatçylyk — berkarar döwletimiziň mizemez binýady

Döwri bilen galkynan, Hak tarapyn ýalkanan mukaddes Watanymyzyň her bir güni köňüllere unudylmajak aýdymlar deýin baky ýazylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan galkynyşyň hem-de gülleýşiň ýurdy hökmünde Ýer ýüzünde giňden tanalýar. Geçen hepdäniň dowamynda bolup geçen taryhy ähmiýetli wakalar, şanly seneler munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklady. Azatlygyň, erkinligiň bagt daňyny atyran mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giň gerimde bellenip geçilmegi il agzybirliginiň, ýurt abadançylygynyň ýene-de bir gezek aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky taryhy mejlisi tutumly toýuň dabarasyny, many-mazmunyny has-da artdyrdy. Taryhy mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary, ýurdumyzy ösdürmek babatynda öňde goýan anyk wezipeleri ildeşlerimizi el-ele berip, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Ynsanperwer syýasatyň dabaralanmagy

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk ulgamlaýyn häsiýetli ynsanperwer meseleleri çözmekde möhüm orny eýeleýändigi bilen aýratyn öňe çykýar. Munuň aýdyň mysallaryna, hususan-da, migrasiýa degişli meseleleriň netijeli çözülmeginde, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginde göz ýetirmek bolýar. Milli kanunçylygyň halkara kadalary bilen laýyk getirilmegi we olaryň yzygiderli berjaý edilmegi raýatlygy bolmadyk adamlaryň sanynyň azalmagyna ýardam edýär. «Migrasiýa hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan we haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bolmadyk adamlar raýatlygy bolmadyk diýlip hasap edilýär.

Halk Maslahaty: beýik işlere badalga

Belent maksatlara uly ynam bilen Döwlet berkararlygymyzyň şanly senesiniň hem-de Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata häkimligiň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň başlyklary, welaýatyň edara-karhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Täze üstünliklere tarap

Bir-biriniň üstüni ýetirýän toýly günlerde halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onda ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini mundan beýläk hem pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan ýaşaýyş-durmuşyny berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu babatda täze wezipeler kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde çuň manyly çykyş edip, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermäge Halk Maslahatynyň ýakyndan gatnaşýandygy, degişli işleri durmuşa geçirýändigi barada belläp geçdi. Milli Liderimiz öz çykyşynda dürli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly wezipeleriň hem üstünde durup geçdi. Oňa laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, bu ugurda zähmet çekýän pedagoglaryň hünärini ýokarlandyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, yn

Halk maslahaty: milli demokratiýamyzyň galkynyşy

Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm taryhy-syýasy ähmiýetli wakasy hökmünde täze taryhy döwürde ata Watanymyzyň rowaçlyga beslenýän ösüşli menzillerini has-da dabaralandyrdy. Şeýle hem umumymilli forumyň nobatdaky mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletlilik, jebislik we milli demokratik ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. Täze taryhy döwürde bu asylly däbiň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülmegi halk demokratiýasynyň milli kökleriniň döwrebap görnüşde kämilleşdirilýändigine aýdyň güwädir.

6-njy oktýabr — Hatyra güni

Halk hakydasy bakydyr Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgelerini mynasyp derejede dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ýurduň hem halkyň bähbidi jemlenendir. Jemgyýetde sazlaşykly ýagdaýyň durnuklylygy geçmiş bilen şu günüň we geljegiň aýrylmaz baglanyşygyndadyr. Bu hakykat ösüp barýan ýurdumyzda ýaşaýan bagtyýar adamlaryň öz aslyna, pederlerine, olaryň merdana ýoluna buýsanyp, eýerip, hakydada hemişe hatyrasyny belent saklaýandygynda aýratyn duýulýar. Muny her ýylyň 6-njy oktýabrynda Gökdepe söweşinde, Beýik Watançylyk urşunda we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna Hatyra gününiň bellenilip geçilýändigi bilen hem delillendirmek bolýar.

Müňýyllyklaryň ýaňy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, geçmiş taryhymyzy öwrenmäge aýratyn uly üns berilýär. Gadymy ýadygärliklere we geçmiş taryhyna baý bolan ata Watanymyzyň her bir künjegi dünýä taryhynyň sahypasynda mynasyp orun eýeleýär. 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler, maslahatlar yzygiderli guralýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem gadymy şäheriň geçmiş taryhyna we şu gününe bagyşlanan ajaýyp eserdir. Kitapda hormatly Prezidentimiz Änew şäheriniň geçmiş taryhynyň öwrenilişi, häzirki wagtda şäheriň ösüşi barada gyzykly maglumatlary beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz ajaýyp kitabynda: «Dünýäniň taryhynda halkymyzyň mynasyp orny bar. Şonuň üçin türkmen halky örän gadymy taryhyň we baý medeni mirasyň eýesidir. Biz bu mirasa guwanýarys we oňa aýawly garamaga hem-de geljekki nesiller üçin gorap saklamaga uly üns berýäris» diýmek bilen, halkymyzyň baý geçmişiniň älem içre belent sarpalydygyny belleýär. Şeýle hem ajaýyp kitapda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsanyň kalbynda hemişelik ýaşaýan ynamyň ähmiýetini täsirli pikirler bilen açyp görkezýär. «Ynam — mukaddeslik. Ynamy ödemek — mertebe. Halkymyz hatda ynamy ödemäge yhlas etmegiň özüni-de ýagşy

Watanyň kuwwaty — ýaşlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda ýaş nesilleri watansöýüjilik, däp-dessurlarymyza, gadymy gymmatlyklarymyza, asylly ýol-ýörelgelerimize belent sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, berk bedenli, hünärli ýaşlar edip ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döwrüň iň täze tehnologiýalaryndan baş çykarmaklary, ösen aň-düşünjeli, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri babatda taýsyz tagallalar edilýär. Döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, türkmen ýaşlary Diýarymyzyň dürli künjeklerindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde okap, döwrebap bilim alýarlar, hünär öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu bolsa ylym-bilime höwesli ýaşlara giň ýollary açýar.