Täze üstünliklere tarap

2 Oktýabr 2024
487

Bir-biriniň üstüni ýetirýän toýly günlerde halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onda ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini mundan beýläk hem pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan ýaşaýyş-durmuşyny berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu babatda täze wezipeler kesgitlendi.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde çuň manyly çykyş edip, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermäge Halk Maslahatynyň ýakyndan gatnaşýandygy, degişli işleri durmuşa geçirýändigi barada belläp geçdi. Milli Liderimiz öz çykyşynda dürli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly wezipeleriň hem üstünde durup geçdi. Oňa laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, bu ugurda zähmet çekýän pedagoglaryň hünärini ýokarlandyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmak, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek, Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde ýurdumyzyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmek babatda möhüm hasaplanýan wezipeler öňde goýuldy.

Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň baş hünärmeni.