Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlandy

3 Oktýabr 2024
369

Golaýda TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda «Hormatly ýaşulularymyz türkmen ýaşlary üçin mukaddes mekdepdir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Toý mekany medeni-dynç alyş merkezinde guralan dabara etrabyň mährem eneleriniň, aksakgal ýaşulularynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlarynyň birnäçesi gatnaşdy.

Aýdym-sazly çäräniň başy etrap Medeniýet öýüniň şirin owazly bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde ussat şahyr Magtymguly Myşşyýewiň «Garrylar gerek» şygryna döredilen ady bir aýdym diňlendi. Türkmen ýaşulularynyň parasatlylygyny, agraslygyny hem-de mähribanlygyny hyýallarda janlandyrýan bu ajaýyp aýdym dabara özboluşly öwüşgin çaýyp, oňa gatnaşyjylaryň göwünlerini göge göterdi. Soňra Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäresi many-maňyzly çykyşlar bilen utgaşdy. Olarda hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda amal edilýän beýik işler, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşulularymyzyň sarpasyny belentde tutuşy joşgunly kelamlaryň çelgisine öwrüldi.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.