Öňňin Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda «Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi we Milli Liderimiziň ylhamy — döwletliligiň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi. Oňa ýolbaşçy düzümleri, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Gahrymanlary, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, bilim işgärleri we ýaşlar gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanşyp, diwarlyklarda görkezilen gymmatly döredijilik eserlerini synladylar.
Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi. Maslahatda her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara gününiň bellenilýändigi aýdylyp, ajaýyp baýram bilen Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzy, ýaşululary mähirli gutladylar.