Ynsanperwer syýasatyň dabaralanmagy

2 Oktýabr 2024
393

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk ulgamlaýyn häsiýetli ynsanperwer meseleleri çözmekde möhüm orny eýeleýändigi bilen aýratyn öňe çykýar. Munuň aýdyň mysallaryna, hususan-da, migrasiýa degişli meseleleriň netijeli çözülmeginde, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginde göz ýetirmek bolýar.

Milli kanunçylygyň halkara kadalary bilen laýyk getirilmegi we olaryň yzygiderli berjaý edilmegi raýatlygy bolmadyk adamlaryň sanynyň azalmagyna ýardam edýär. «Migrasiýa hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan we haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bolmadyk adamlar raýatlygy bolmadyk diýlip hasap edilýär.

Nejepmyrat BERDIMYRADOW,
TDMG-niň welaýat boýunça müdirliginiň harby gullukçysy.