Halk maslahaty: milli demokratiýamyzyň galkynyşy

2 Oktýabr 2024
392

Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm taryhy-syýasy ähmiýetli wakasy hökmünde täze taryhy döwürde ata Watanymyzyň rowaçlyga beslenýän ösüşli menzillerini has-da dabaralandyrdy. Şeýle hem umumymilli forumyň nobatdaky mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletlilik, jebislik we milli demokratik ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy.

Täze taryhy döwürde bu asylly däbiň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülmegi halk demokratiýasynyň milli kökleriniň döwrebap görnüşde kämilleşdirilýändigine aýdyň güwädir.

Meýlis ÖWEZKLYÇEW,
welaýat salgyt bölüminiň baş salgyt inspektory.