«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.
Täze neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, 1 müň 418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.