Ene göwnüniň göwheri
Geçip barýan ýyllar ynsan ömrüni onuň edim-gylymyna, häsiýetine, üşügine-başarnygyna görä edil keşde kimin bezäp barýar. Hak işi hemra tutunyp, halallyga örklenen menzilleri nazarlasaň, mertebe diýilýän mukaddeslik ykbalyňa mydama ýaran. Zähmete ykbalyny baglap, rysgal, döwlet tapan adamlar bagta hemra, abraýa şärik bolýarlar. Şonuň üçin hem «Ynsan ömrüniň manysy päk zähmetdedir» diýilýäni juda dürs pikir. Oguljeren Gullaýewa-da zähmete göwün berip, bereketli pellerden rysgal tapan zenanlardan. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän öňdebaryjy ildeşlerimiziň birnäçesi hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna eýe boldular. Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan Oguljeren Gullaýewa-da halal zähmeti, nusgalyk ömri bilen şeýle belent derejeli döwlet sylagyna eýe bolan zenanlaryň biri. Oguljeren ene Tejen etrabynyň Öwezmämmet Japarow adyndaky daýhan birleşiginiň «Garaşsyzlyk» geňeşliginiň ýaşaýjysy. Ýanýoldaşy Baýmyrat bilen heniz ýaş döwri daýhançylyga baş goşan bu zenanyň ömri edil täsin kyssa ýaly. Onuň zybanynda ýaňlanýan öwüt-nesihata ýugrulan sözler bolsa hut göwher gazna deýin gymmatly. «Zähmetden gaçmasaň, tutanýerliligiňi gowşatmasaň, saba bilen ýagşyzadalaryň, erenleriň örýän wagty pele girip, ak ekinler bilen didarlaşsaň, rysgalyň artyp, döwletiň goşalanyp gidiberýän eken» diýip, halallygy hemra edinen zäh